01.03
2017
Yslamabatda geçýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara derejesinde ibermegi ählumumy ykdysadyýetiň iň bir çeýe bölekleriniň biri hökmünde ykrar edýär diýip, aýtdy. Biziň ýurdumyz degişli başlangyç bilen çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň goldawyna daýanyp, bu başlangyjy yzygerli durmuşa geçirýär.
01.03
2017
Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlarynyň ýokary derejeli XIII Sammiltine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Pakistan Yslam Respublikasyna ugrady.
01.03
2017
Pakistanyň paýtagty Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammiti geçýär. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşýar.
01.03
2017
Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli XIII Sammiti açyldy. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýar.
28.02
2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
28.02
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permanlara gol çekip, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipelere belledi:
28.02
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
28.02
2017
1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Pakistan Yslam Respublikasyna ugraýar. Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde şol gün Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) nobatdaky XIII sammiti geçiriler.
27.02
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna degişli wezipelere, şeýle hem guramaçylyk meseleleri bilen baglanyşykly resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
27.02
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permanlar toplumyna gol çekip, dürli pudaklardaky düzüm ýolbaşçylaryny tassyklady.