Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabada geldi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabada geldi
Çap edildi 01.03.2017
1382

Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlarynyň ýokary derejeli XIII Sammiltine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Pakistan Yslam Respublikasyna ugrady. Yslamabat şäheriniň YHG agza döwletleriň döwlet baýdaklary bilen bezelen “Nur Han” adyndaky howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi garşylamak dabarasy boldy. Türkmen Liderini howa menzilinde Pakistan Yslam Respublikasynyň nebit we tebigy serişdeler ministry Şahid Hakan Abbasi we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Howa menzilinden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag kerweni sapar wagtynda onuň üçin taýýarlanan, YHG-niň Sammitiniň geçiriljek ýeri bolan “Serena” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhana ugrady. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) 1985-nji ýylda Orta Aziýa we Golaý Gündogar ýurtlary tarapyndan döredilen sebit döwletara ykdysady düzüm bolup durýar. YHG ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynda ykdysady esaslar agdyklyk edýär hem-de syýasy ugur az ýüze çykýar. Bu guramanyň işiniň esasy ugurlary her iki ýyldan bir gezek geçirilýän YHG agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde kesgitlenilýär. Türkmenistan 1992-nji ýylda YHG-nyň agzasy boldy. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz parahatçylygy saklamak we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli çäreleri işläp düzmek we iri sebit taslamalaryny amala aşyrmak hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek arkaly ählumumy ileri tutulýan meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda yzygiderli öňe sürülýän, özara düşünişmeklige, durnuklylyga, ähli döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary we işjeň teklipleri munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow