Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşar
Çap edildi 28.02.2017
1458

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Pakistan Yslam Respublikasyna ugraýar. Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde şol gün Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) nobatdaky XIII sammiti geçiriler. Hökümetiň 24-nji fewralda geçirilen maslahatynda döwlet Baştutanymyz abraýly sebit we halkara guramalary, şol sanda YHG bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň golaýda tassyklanan “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Mälim bolşy ýaly, geljek ýedi ýyl üçin kabul edilen daşary syýasy ösüş strategiýasy ýurdumyzyň içerki ösüşi üçin oňaýly halkara şertlerini döretmäge, dünýä giňişliginde onuň kanuny bähbitlerini üpjün etmäge ýardam etmelidir hem-de ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga hyzmat etmelidir. Iri sebitleýin ykdysady gurama bolan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy ysnyşykly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, 1985-nji ýylda Pakistan, Eýran we Türkiýe tarapyndan döredildi. 1992-nji ýyldan başlap, onuň agzalygyna 7 ýurduň: täze garaşsyz döwletleriň – Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň, şeýle hem Owganystanyň girmegi bilen bu guramanyň işi has-da işjeňleşdirildi. 1995-nji ýylda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde kabul edilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Kararnama laýyklykda, YHG Birleşen Milletler Guramasynda synçy derejesinden peýdalanýar, mundan başga-da, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynda synçy derejesine eýedir. YHG hemişelik hereket edýän sebit maslahat beriji we utgaşdyryjy gurama bolmak bilen, ykdysady hem-de durmuş ulgamlarda gülläp ösüşe, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär. Dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmaga uly gyzyklanma bildirýän özygtyýarly Türkmenistan, häzirki wagtda iri halkara hem-de sebit guramalarynyň 40-dan gowragynyň, şol sanda YHG-niň doly hukukly agzasy bolup durýar. Türkmen tarapy YHG-niň ýokary derejedäki mejlislerine yzygiderli gatnaşýar. Yslamabatda geçiriljek duşuşygyň barşynda gurama agza döwletleriň baştutanlary – Merkezi we Günorta Aziýa, Orta Gündogar ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilelikdäki söwda-ykdysady işi giňeltmek baradaky derwaýys meseleleriň birnäçesine gararlar, ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmadaşlygy höweslendirmegiň netijeli gurallaryny ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle hem emele gelen taryhy şertlerde netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de guramaga täze çemeleşmeleri anyklaşdyrarlar. Geçen duşuşyklarda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalarynyň sebitde ulag-energetika düzümini ösdürmek, suw-energetika tebigy serişdeleri netijeli ulanmak, erkin söwda zolaklaryny döretmek boýunça göz öňünde tutulan taslamalary we maksatnamalary çalt durmuşa geçirmegiň hasabyna dünýä ykdysady ulgamynyň çökgünligine garşy göreşmäge gönükdirilen netijeli bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtandyklaryny ýatlatmalydyrys. Sebit hyzmatdaşlygy meselelerinde işjeň orny eýeleýän Türkmenistan soňky ýyllarda hyzmatdaş ýurtlar bilen bilelikde ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda halkara ähmiýetli giň möçberli taslamalaryň ençemesini üstünlikli durmuşa geçirýär. Olaryň hatarynda Ýewropa ýurtlaryndan Pars aýlagynyň portlaryna çenli ýoly ep-esli gysgaldan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň, geljekde türkmen tebigy gazynyň täze geljegi uly bazarlara uzakmöhletli iberilmegini üpjün etjek Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny görkezmek bolar. Garaşylyşy ýaly, YHG-niň nobatdaky sammitiniň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurama agza döwletleriň Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow