Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
07.03 2017
Şu gün Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda möhüm ulag-kommunikasiýa düzüminiň desgalaryny ulanmaga bermek dabarasy boldy.
07.03 2017
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylyşy mynasybetli Lebap welaýatynda geçirilen dabarada çykyp edip, täze köprüleriň iş ýüzünde dostluk köprüleri, hoşniýetli goňşuçylygyň däpleriniň dowamatlylygynyň nyşanlary hem-de biziň nesillerimiz üçin mynasyp mysal bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
07.03 2017
Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köçeleriniň birine-de onuň ady dakyldy. Ýadygärligiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
07.03 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew toý bagyny kesip, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap täze awtomobil köprüsini açdylar.
07.03 2017
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden gurlan täze demir ýol köprüsinden geçen ilkinji ýolagçylar boldular. Körüniň iki goňşy döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky açylyş dabarasyndan soň, otly Türkmenabat-Farap täze ýol bilen Amyderýanyň sag kenaryna tarap ugrady.
07.03 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew toý bagyny kesip, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap täze demir ýol köprüsini açdylar.
07.03 2017
Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew möhüm ulag-kommunikasiýa düzüminiň desgalary bolan Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenabat şäherine geldiler.
06.03 2017
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen paýtagtyna döwlet sapary bilen geldi.
06.03 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçen ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça metbugatyň öňünde eden çykyşynda bu günki duşuşygyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklara kuwwatly ýokary hilli itergi bermäge, köpýyllyk, strategik geljek üçin gatnaşyklaryň täze döredijilik esaslarynyň düýbüni tutmaga gönükdirilendigini belledi.
06.03 2017
Türkmenistan we Özbegistan ählumumy gün tertibiniň durnukly ösüş hem-de onuň düzüm bölekleri bolan energetika howpsuzlygy, halkara ulag-üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlary boýunça tagallalaryny birleşdirmegini dowam eder.
834 sahypa
Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara