Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistan bilen ulag gatnaşyklaryny giňeltmegiň geostrategiki ähmiýetini belledi
Syýasy habarlar
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistan bilen ulag gatnaşyklaryny giňeltmegiň geostrategiki ähmiýetini belledi
Çap edildi 07.03.2017
1427

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylyşy mynasybetli Lebap welaýatynda geçirilen dabarada çykyp edip, täze köprüleriň iş ýüzünde dostluk köprüleri, hoşniýetli goňşuçylygyň däpleriniň dowamatlylygynyň nyşanlary hem-de biziň nesillerimiz üçin mynasyp mysal bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Belent mertebeli myhman öz ildeşleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şeýle mümkinçiligiň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Häzirki wagtda bolsa özara gatnaşyklaryň täze taryhynyň döredilýändigi aýdyldy. Inženerçilik häsiýetleri we geostrategiki ähmiýeti boýunça täsin bolan Türkmenabat-Farap köprüleriniň ulanmaga berilmegi diňe bir iki doganlyk halkyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň durmuşynda möhüm ähmiýetli waka bolar diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady we Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de doganlyk türkmen halkyny bu ajaýyp üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlady. Ulag düzümini ösdürmek boýunça Türkmenistanda geçirilýän işleriň toplumlaýyn häsiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň dünýädäki döwletleriň ilkinjileriniň hatarynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň derejsinde öňe süren, Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen halkara başlangyjyny goldandygy aýdyldy. “Biz Türkmenbaşy şäherinde deňiz portunyň hem-de halkara ähmiýetli Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagyna uly umyt bilen garaşýarys. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň we tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini hil taýdan täze derejä çykarar” diýip, Prezident Şawkat Mirzioýew aýtdy. Özbegistanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde ulag düzümini ösdürmegiň Merkezi Aziýada abadançylyga, parahatçylyga we asudalyga barýan ýoldugy baradaky pikiri bilen ylalaşdy. Türkmen we özbek halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam edýän täze köprüleriň açylmagy hem muny tassyklaýar.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow