Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsi boýunça herekete badalga berdiler
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsi boýunça herekete badalga berdiler
Çap edildi 07.03.2017
1481

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew toý bagyny kesip, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap täze awtomobil köprüsini açdylar. Açylyş dabarasy derýanyň sag kenarynda geçirilip, bu ýere döwlet Baştutanlary şu gün ulanylmaga tabşyrylan häzirki zaman demir ýol köprüsi bilen geldiler.Demir ýol we awtomobil ýolunyň aralygynda kenarda awtoýol çekildi. Şol ýoldan Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni geçdi. Döwlet Baştutanlary we köpçülikleýin dabara gatnaşyjy beýleki adamlar häzirki zaman estakadasy boýunça Amyderýanyň üsti bilen ulaglarynda geçdiler. Lebabyň köpsanly sazandalary – dutarçylar, skripkaçylar, akkordeonçylar, nagaraçylar, kanonçylar, tüýdükçiler, deprekçiler, gopuzçylar, käseçiler we beýlekiler, şeýle hem tans we folklor toparlary, şol sanda Özbegistanyň şonuň ýaly toparlary köprüniň tutuş dowamynda myhmanlary mübäreklediler. Jemi müňden gowrak adamlar hakyky ajaýyp şüweleňi döretdiler. Köprüniň gurluşygynda ylmy-gözleg, geofiziki, geologiki, inženerçilik-tehniki we gurluşyk-gurnama işleriniň uly toplumy berjaý edildi. Dykyzlaýjy tehnologiýa boýunça ýokary hilli betondan we armaturadan bolan kuwwatly diregleriň 17-si dikildi. Diregleriň üstüne köprüniň köptonna agramly polat gurnamalarynyň aşagynda kuwwatly binýat goýuldy. Diregleriň hatardan çykmagynyň öňüni almak üçin olara aýnapoliefir turbalary geýdirildi. Köprüniň dört hatarly ýol böleginiň ini 21,5 metre barabardyr. Awtoulaglaryň hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin köprä eltýän ugurlarda uzynlygy 6 kilometr bolan eňňit sowma ýollar guruldy. Köprüniň iki tarapynda ini 1,5 metr bolan pyýada ýodalary bar. Köprüniň ýol örtügi iň döwrebap polimer serişdesi matakril bolup, ol ýokary derejede berk, uzak möhlete niýetlenen, ultramelewşä garşy durnuklydyr we şonuň bilen birlikde-de, örän ýuka hem-de asfaltbeton bilen deňeşdirilende agramy örän ýeňildir. Awtomobil köprüsiniň çep kenar tarapyna diňe Türkmenabatdan däl, eýsem bu ýere ýakynlykda ýerleşen Serdarabat etrabynda çekilen täze awtomobil ýolundan hem barmak bolýar. Şu ýol bilen dolandyryş merkezine girmän hem-de şäher köçelerine agram salman üstaşyr geçýän agyr ýükli ulaglar Türkmenabat-Farap täze awtomobil köprüsine tarap bararlar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew derýanyň beýleki kenaryna gelip, köprüniň üstünde açylan hereketleri synladylar. Olaryň birinden Özbegistandan demir ýol otlusy gelýärdi, beýlekisinden bolsa üsti türkmen karbamidi, dokma we beýleki önümler ýüklenen agyr ýükli ulaglaryň yzy üznüksiz hatary Özbegistana barýardy.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini gutlady
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
top-arrow