28.11
2016
Lebap welaýaty, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün Ymamnazar demir ýol bekedinde transmilli polat ýoluň – Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Gatnawlaryň sebit ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrüljek Atamyrat–Ymamnazar Akina täze ýoluň işe girizilmegini alamatlandyrýan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.
28.11
2016
Prezident Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin Owganystanyň iň ýokary sylaglarynyň birine—“GazyMohammadAkbarHan” Döwlet medalyny gowşurdy.
28.11
2016
Transmilli polat demir ýolunyň-- Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) bölegi boýunça ilkinji ýük otlusy ugradyldy. Türkmenistandan Owganystanyň çäklerine 46 wagondan düzülen otly dostlukly goňşy ýurda un, däne, sement, karbamid we kükürt elter.
28.11
2016
Halkara Aziýa demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) böleginiň “aliyn sepi” birkidirildi.
27.11
2016
Aşgabat- Türkmenabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady.
27.11
2016
Aşgabat, 27-nji noýabr /TDH/. Şu gün Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ulag ulgamy boýunça işewürler maslahaty geçirildi. Bu duşuşyk ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, geljegi uly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmakda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Şol taslamalar dünýäniň ýurtlaryny we halklaryny ýakynlaşdyrmagy, tutuş sebitleriň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy ugur edinýär.
26.11
2016
Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün irden paýtagtymyzda, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat geçirildi. Ýokary derejeli forumyň açylyş dabarasyna hem-de umumy mejlise Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
26.11
2016
Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiçi kabul etdi.
26.11
2016
Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy.
26.11
2016
Aşgabat, 26-njy noýabr /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwili bilen duşuşdy.