Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri döwlet Baştutanlarynyň ikiçäk duşuşygyndan başlandy
Syýasy habarlar
Ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri döwlet Baştutanlarynyň ikiçäk duşuşygyndan başlandy
Çap edildi 30.03.2017
1174

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçýär. “Oguzhan” Köşkler toplumynda belent mertebeli myhmanyň resmi garşylanyş dabarasyndan hem-de iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň tanyşdyrylmagyndan soň, ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri başlandy. Esasy meseleleriň hatarynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri, syýahatçylyk, ýokary bilim, medeniýet babatda bilelikdäki taslamalar boýunça işler bar. Iki tarapyň pikirine görä, häzirki gepleşikler ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin berk binýadyň düýbüni tutar. Aşgabat we Minsk ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bolşy ýaly, ynsanperwer-medeni ulgamda hem bar bolan uly mümkinçilikleri has doly durmuşa geçirmegi maksat edinýandiklerini görkezýär. Şu günki gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler. Soňra döwlet Baştutanlarynyň Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýar. Ertir türkmen we belarus Liderleriniň 2009-njy ýylyň ahyrynda düýbüni tutan Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň açylyp ulanylmaga tabşyrylmagy maksat edinilýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Aleksandr Lukaşenko Aşgabatdan Lebap welaýatyna baryp, hut özleri täze önümçiligiň işine badalga bererler we onuň tehnologik işleri bilen tanşarlar.

Soňky habarlar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow