Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 28.03.2017
1327

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Marko Mançinini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza we ähli türkmen halkyna şu ýyllaryň içinde bildirilen mähirlilik we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, parahatçylyk, döredijilik we rowaçlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň hem-de uzakmöhletleýin giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Italiýanyň hem-de tutuş Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy. Jenap Marko Mançininiň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda işlemek onuň üçin uly hormat boldy. Bu döwrüň içinde men açyk, hoşniýetli türkmen halkyna söýgi we hormat duýgularyna beslendim. Bu barada mähirli ýatlamalar meniň kalbymda hemişelik galar diýip, ilçi belledi. Türkmenistanda diplomatik işimiň tamamlanandygyna garamazdan, men geljekde hem diňe Italiýada däl-de, eýsem, tutuş Ýewropanyň beýleki döwletlerinde hem siziň ýurduňyz baradaky bilimleri artdyrmak üçin ähli gujur-gaýratymy we tejribämi sarp etmegi göz öňünde tutýaryn. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinde guralýan türkmen-italýan döwletara aragatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, ilçä ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny berkitmek işine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry amala aşyrýan Türkmenistan geljekde hem Italiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şol sanda soňky ýyllarda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde, şeýle hem beýleki halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de italýan ilçisi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda Türkmenistanyň we Italiýanyň özara gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem-de geljegi hakynda pikir alyşdylar. Ýangyç-energetika pudagy, söwda-ykdysady ulgamy, ulag-aragatnaşyk toplumy, oba hojalygy we beýleki ugurlar döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň esasy ugurlary hökmünde görkezildi. Şeýle hem ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym, medeniýet we bilim, saglygy goraýyş, şeýle hem syýahatçylyk ulgamlarynda döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Marko Mançini däbe öwrülen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taraplaryň erk-islegine daýanyp, geljekde hem umumy bähbitleriň hatyrasyna ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow