10.07
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Haltmaagiýn Battulga, onuň Mongoliýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
07.07
2017
Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda dürli derejedäki wekiliýetleriň 248-si döwletimize sapar bilen geldi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berdi.
07.07
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň alty aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň netijelerine garaldy, hormatly Prezidentimiziň we beýleki milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine baha berildi.
07.07
2017
7-nji iýulda bolup geçen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejilisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen alty aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada durup geçdi.
07.07
2017
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edara-kärhanalaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň zähmet haklaryny, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi ýokarlandyrylar.
07.07
2017
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
07.07
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetde täze wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.
07.07
2017
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrda Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda geçiriler.
07.07
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary Çaryýar Durdymyradowiç Ahmedowyň üstüne ýüklenildi.
06.07
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň we Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça Dokma senagaty ministrligine bardy, şol ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdy.