Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 27.10.2017
2066

Türkmenistan özüniň esasy milli baýramy bolan Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi belleýär. Säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp ýadygärlik toplumynyň çäginde bina edilen, häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda hemişelik orun alan, ýurdumyzyň özygtyýarlylygyna eýe bolan senesini alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasynyň etegine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Ir bilen bu ýere şäher ilatynyň müňlerçesi we köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Güýz şemalyna pasyrdaşýan ýaşyl baýdaklar, owadan gülleriň ýakymlylygy, ruhubelent adamlaryň şatlygy baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýyp, halkymyzyň kalbynda watansöýüjilik we buýsanç duýgularyny artdyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň milli ruhuny we mähriban Diýarymyza bolan buýsanjyny belent derejelere göteren milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy bu ýere ýygnananlar şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Baýramçylyk lybasyndaky gyzlar hormatly Prezidentimize güýz güllerinden boglan ajaýyp çemen gowşurdylar. Döwlet Baştutanymyz iki tarapyna şöhratly pederlerimiziň şanly ýoluny dowam edýän Milli goşunymyzyň edermen esgerleri düzülen ýoda bilen beýik ýadygärlige tarap ugrady. Bu ýerde oturdylan bürünç heýkeller kaşaň ýadygärligiň asudalygynyň goragynda duran mysaly, Garaşsyzlyk binasynyň altynsow başyna säheriň gün şöhleleri düşüp, owadan öwüşginleri çarýana eçilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiz toplumyň girelgesiniň öňünde oturdylan ýadygärligiň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy. Bu bina türkmen halkynyň täze taryhynda amala aşyrylan beýik tutumlaryň mizemez nyşanydyr. Onuň eteginde goýulýan al-elwan güller garaşsyzlyk, milletiň erkinligi ugrunda pederlerimiziň köp asyrlaryň dowamynda alyp baran gahrymançylygyna, edermenligine goýlan sarpany we olara bildirilýän hatyrany äşgär edýär. Soňra ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiniň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörelgesine eýerip, ýadygärlige gül desselerini goýdular. Türkmen ilçileri we daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köpsanly ilaty we myhmanlar baýramçylyk çäresine goşuldyar. Şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlar türkmen halkynyň milli mukaddesliklerine çuňňur hormatyny mälim etdiler. Müňlerçe adamlar yzy üzülmeýän hatar bilen ýadygärligiň etegine yzly-yzyna gül desselerini goýdular. Biraz wagtdan ýadygärlik toplumynyň öňündäki meýdança halkymyzyň watansöýüjilik duýgularynyň örän çuňňurdygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýän ýakymly güýz güllerine beslendi. Ajaýyp gülleriň köpöwüşginliligi bu künjekde gözel haly düşelen ýaly görnüşi döretdi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow