Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Çap edildi 27.10.2017
1306

Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Biz durnuksyz eýýamda ýaşaýarys. Men ýyly tutuş dünýäde parahatçylyga çagyryş hakyndaky çykyş bilen başladym. Biziň adamzat üçin ähli tagallalarymyz — mertebe we adalatlylyk, ösüş hem-de rowaçlyk — bularyň ählisi parahatçylyga baglydyr. Bizi baglanyşdyrýan bu gymmatlyklar Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilendir. Bütin dünýäde gapma-garşylyklaryň ösýän döwründe hut Birleşen Milletler Guramasynyň sazlaşyklylygy umumy işimizi pugtalandyrýar we umumy meýillerimizi tassyklaýar. Parahatçylygy, ählumumy ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalarymyzy ösdürmek maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň has berk düzümini döretmekde Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagyna hem-de goşandyna bil baglaýaryn. Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Antonio Guterreş, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary. *** Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident! Amerikan halkynyň adyndan ýurduňyzyň Garaşsyzlyk gününiň 27-nji oktýabrda baýram edilmegi mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň. Golaýda Las-Wegasda bolan pajygaly ýagdaý sebäpli iberen gynanç hatyňyz üçin Size hoşallyk bildirmek isleýärin. Soňky çärýek asyryň dowamynda biziň ýurtlarymyz Merkezi Aziýada we tutuş sebitde parahatçylyk, durnuklylyk hem-de rowaçlyk işini ilerletmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk etdiler. Men Owganystanyň ynsanperwer we düzümleýin ösüşi babatda möhüm goşandy hem-de goldawy üçin Türkmenistana tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin hem-de Türkmenistanyň halkara sport ýaryşlary arkaly ýurtlaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça tagallalaryna ýokary baha berýärin. Siziň ýurduňyzyň öz Garaşsyzlygynyň nobatdaky çärýegine gadam basmagy mynasybetli, geliň, ýene-de ýurtlarymyzyň raýatlarynyň hem-de olaryň ýaşaýan dünýäsiniň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklalyň. Men geljege uly ynam bilen garaýaryn, şonda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar has-da berkär. Hormatlamak bilen, Donald Tramp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli Sizi we Siziň üstüňiz bilen doganlyk türkmen halkyny Özbegistanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlamak mende ägirt uly kanagatlanma döredýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan uly üstünliklere eýe boldy. Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda ýurtda giň möçberli döredijilikli işler amala aşyrylýar — döwrebap senagat we düzümleýin desgalar gurulýar. Halkyň durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Döwletiň halkara giňişliginde abraýy barha artýar. Bilelikdäki tagallalar netijesinde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan ysnyşykly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň strategiki hyzmatdaşlygyň derejesini çuňňur kanagatlanmak bilen belleýäris. Söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklar giňelýär. Köpugurly özbek-türkmen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň ýurtlarymyzyň rowaçlanmagyna, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, Şawkat Mirziýoýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli öz adymdan we azerbaýjan halkynyň adyndan Sizi hem-de Siziň üstüňiz bilen ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Azerbaýjany we Türkmenistany taryhyň dowamynda kemala gelen dostlukly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Berk esasda guralan döwletara gatnaşyklarymyzyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzyň geljekde hem halklarymyzyň abadançylygyna hyzmat etjekdigine ynanýaryn. Şu ajaýyp günde Size berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Ilham Aliýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Ukrainanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Siziň üstüňiz bilen tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlamaga rugsat ediň. Ýurduň syýasy we ykdysady özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmegi hem-de oýlanyşykly daşary syýasat Bitarap Türkmenistana uly halkara abraýyny getirdi. Dostluk we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ukrain-türkmen gatnaşyklarynyň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Pýotr Poroşenko, Ukrainanyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistan bilen dostluga hemişe wepaly bolup gelýär. Geljekde hem bu dostluk has-da berkidiler. Türkmenistan biziň üçin oňat goňşy we ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar. Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyna we rowaçlanjakdygyna ynanýarys. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly hem-de doganlyk halkyna bolsa bagt we rowaçlyk arzuw edýärin. Hasan Ruhani, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy hem-de tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Şu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, Yragyň Hökümetiniň we halkynyň iki dostlukly halkyň bähbidine yrak-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklamak isleýärin. Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Fuad Masum, Yrak Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýurduňyzyň 26 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we dostlukly türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy ibermäge örän şatdyryn. Şeýle hem Sizden Türkmenistanyň halkyna Birleşen Arap Emirlikleriniň halkynyň şu mynasybetli şatlygyny paýlaşýandygyny ýetirmegi haýyş edýärin. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt hem-de üstünlik, dostlukly türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Meniň iň gowy gutlaglarymy hem-de dostlukly hormat-sarpa baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Jenap Prezident! Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli Alžiriň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy hem-de dostlukly türkmen halkyna rowaçlyk we ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollamaga şatdyryn. Pursatdan peýdalanyp, doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, iki halkyň abadançylygynyň bähbidine Siziň bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygymy ýene-de bir gezek tassyklaýaryn. Jenap Prezident, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Abdelaziz Buteflika, Alžir Halk-Demokratik Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli Palestina Döwletiniň Hökümetiniň, halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de Siziň ýurduňyza we türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy baglanyşdyrýan doganlyk gatnaşyklarymyza buýsanjymy hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygymy beýan edýärin. Size berk jan saglyk, bagt we üstünlik arzuw edýärin. Goý, Allatagala Sizi öz penasynda aman saklasyn! Mahmud Abbas, Palestina DöwletiniňPrezidenti. *** Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Liwanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň Alyhezretiňize bagt we üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin. General Mişel Aun, Liwan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
12.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
top-arrow