Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Per­ma­nlara gol çekdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Per­ma­nlara gol çekdi
Çap edildi 27.10.2017
3009

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly bilen sylaglamak hakynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmakda, howpsuzlygy üpjün etmekde, jemgyýetçilik tertibini gorap saklamakda we jenaýatçylyga garşy göreşmekde birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň şu ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly bilen sylaglamaly: Türkmenistanyň goranmak ministri, general-polkownik Ýaýlym Ýagmyrowiç Berdiýewi; Türkmenistanyň içeri işler ministri, polisiýanyň general-maýory Isgender Handurdyýewiç Mulikowy; Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy, polkownik Begenç Ataýewiç Gündogdyýewi; Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, 3-nji hünär derejeli Gylyçmyrat Hallyýewi; Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Batyr Taganowiç Atdaýewi; Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri, polkownik Döwrangeldi Garýagdyýewiç Baýramowy; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, podpolkownik Atadurdy Ataberdiýewiç Osmanowy; Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, polkownik Meýlis Orazmyradowiç Nobatowy; Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory, polkownik Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi; Türkmenistanyň adalat ministri, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowy. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabry. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda «Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 43-nji, 54-nji we 56-njy maddalaryna laýyklykda, karar edýärin: Aman Leýliýewiç Gökjäýewi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we ony Lebap welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly; Nazarseýit Marawaýewi ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly; Myrat Ulugowiç Myradowy ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Ahal welaýatynyň Tejen etrap, şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2017-nji ýylyň 27-nji oktýabry. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda «Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin: 1-nji derejeli ýurist Begmyrat Nurýagdyýewiç Garryýewi Daşoguz welaýatynyň prokurory wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesinden boşatmaly; ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Meýlis Rejepdurdyýewiç Atageldiýewi Daşoguz welaýatynyň prokurory wezipesinden boşatmaly; 1-nji derejeli ýurist Allanazar Annamuhamedowiç Gulyewi Mary welaýatynyň prokurory wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2017-nji ýylyň 27-nji oktýabry.

Soňky habarlar
12.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
top-arrow