28.07
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagyndan gelip, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, “Aşgabat 2017” oýunlaryna, şeýle hem meýilleşdirilen sport-köpçülikleýin çärelere, hususan-da, paýtagtymyzda geçiriljek yklymlaýyn ýaryşlara, 50 günüň galmagy mynasybetli 29-njy iýulda geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
28.07
2017
Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli metbugat duşuşygy geçirildi. Ol Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasy tarapyndan guraldy. Çärä Hytaýyň esasy habar beriş serişdeleriniň, şol sanda “SSTW russkiý” Halkara teleýaýlymynyň, Hytaýyň Halkara radiosynyň, gündelik çykýan Halk gazetiniň (“Ženmin žibao onlaýn”), “Sinhua” habarlar agentliginiň, “Hytaý” žurnalynyň, “Lukwi” (Lookwee), “Witwa” (VITVO) neşirleriniň, HHR-de işleýän diplomatik wekilhanalaryň metbugat gulluklarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
25.07
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife Lahor şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
24.07
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
24.07
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gana Kabul şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
24.07
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
21.07
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ram Nath Kowindi onuň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady.
21.07
2017
Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannis hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň halkyna biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
10.07
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Kemal Muftiçden ynanç hatyny kabul etdi.
10.07
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Haltmaagiýn Battulga, onuň Mongoliýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.