Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi.
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Beýik Allatagaladan doganlyk türkmen halkyna, ähli musulman ymmatyna parahatçylyk, rowaçlyk dileýärin.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy.
Sizi Garaşsyz Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen hem-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň bahar paslynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu forumy ýokary derejede geçirmäge döredilen mümkinçilikler we amatly şertler üçin Fransiýa Respublikasynyň Hökümetine minnetdarlyk bildirýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Sizi paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly birinji orna mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Filippinler Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýadan ynanç hatyny kabul etdi.
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.