Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
Çap edildi 25.10.2025
2019

Eziz watandaşlar!
Hormatly itşynaslar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy sarpalamagyň nyşany hökmünde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size milli buýsanjymyz we gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmekde alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmen alabaýynyň hormatyna bellenilýän bu özboluşly baýram Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir. Öý-ojagy, asudalygy goramakda, wepalylykda türkmen alabaýlary tebigy we nusgalyk häsiýetlere eýedir.

Häzirki döwürde özüniň gadymy görnüşini saklap galan türkmen alabaýlary halkymyzyň gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň esasy nyşanlarynyň biridir. Taýsyz bedew atlary seýisläp ýetişdiren türkmen halky arassa ganly tohum itlerini ýetişdirmekde-de dünýä nusgalyk ýoly döredipdirler. Olar itlerde eýesine wepalylyk, hüşgärlik, ugurtapyjylyk, garadangaýtmazlyk ýaly häsiýetleri kemala getirmegi başarypdyrlar. Arassa ganly tohum alabaý itleri gadymy halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr.

Hormatly itşynaslar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklardan gözbaş alýan milli itşynaslyk sungatymyzy kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda bu möhüm pudagy ösdürmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Munuň özi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi üçin kuwwatly itergidir. Şeýle hem ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnaly döredildi. Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän türkmen alabaýlarynyň merkezleri guruldy.

Bulardan başga-da, ýurdumyzda her ýyl Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilip, onuň çäklerinde dürli bäsleşikler guralýar. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna mynasyp bolmak ugrunda geçirilýän bäsleşige itşynaslarymyzyň ösdürip ýetişdirýän alabaýlary gatnaşdyrylýar we gözden geçirilýär. Munuň özi gözelligiň nusgasy bolan ajaýyp gylykly türkmen alabaýlaryny synlamaga döredilen uly mümkinçilikdir. Alabaýlaryň köpeldilmegi, arassa ganlylygynyň saklanylmagy, dünýäde wagyz edilmegi bilen bagly işleriň toplumlaýyn häsiýetde alnyp barylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Biz geljekde hem itçilik pudagyny ösdürmäge, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, dünýä döwletleri bilen özara pikir alyşmaga hem-de itşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns bereris.

Hormatly itşynaslar!

Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, adamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz milli buýsanjymyzdyr. Mukaddes öý-ojagymyzyň wepaly goragçysy, türkmen topragynyň ýaraşygy, ata-babalarymyzdan miras galan alabaý itlerimiz ýakyn dostlarymyzdyr.

Eziz watandaşlar!
Hormatly itşynaslar!

Sizi Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda şan-şöhraty dünýä dolan edermen alabaýlarymyzyň şanyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglygyny, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen itşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
29.06
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.06
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.06
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 58 million 571 müň dollaryndan gowrak boldy
28.06
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
28.06
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
28.06
Dostlukly gatnaşyklara sarpanyň nyşany
27.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: jemleýji dabaralar
27.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
26.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow