Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 26.10.2025
1738

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 76 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmäge şatdyryn.

Şu ýylyň başyndan bäri Siziň bilen iki gezek duşuşyk geçirdik, olaryň barşynda hemmetaraplaýyn hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin hem-de Siziň bilen iki ýurduň halklarynyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň has ýakyn “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmak üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk we abadançylyk, dostlukly Türkmenistana ösüş hem-de rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly jenap Prezident!

Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 76 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir.

Hytaýyň Hökümeti hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýär. Hytaý tarapy türkmen tarapy bilen dürli ulgamlarda iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny yzygiderli çuňlaşdyrmaga, hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ilerletmäge hem-de täze derejä çykarmaga taýýardyr.

Size berk jan saglyk we rowaçlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Li Sýan,
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri.

Soňky habarlar
29.06
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.06
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.06
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 58 million 571 müň dollaryndan gowrak boldy
28.06
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
28.06
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
28.06
Dostlukly gatnaşyklara sarpanyň nyşany
27.06
Medeniýet hepdeligi — 2026: jemleýji dabaralar
27.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
26.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow