26.09
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň çeper-döredijilik bölüminiň baş režissýory Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýew “Galkynyş” ordeni bilen sylaglandy.
26.09
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan Bitarap Watanymyzyň her bir güni şanly wakalar bilen dabaralanýar. Agzybirligiň, jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň mekany bolan berkarar döwletimiz dünýäde dost-doganlyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty bilen uly abraýa eýe bolýar.
26.09
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Eziz Diýarymyzyň her bir güni zähmet ýeňişlerine beslenip, Garaşsyz Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Geçirilýän bu beýik işlere zenanlarymyz hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylaýarlar. Agzybir jemgyýetimizde jebisligi has-da berkitmäge saldamly goşant goşýarlar.
25.09
2018
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň durmuşynda şanly waka öwrülen umumymilli maslahatyň gün tertibine türkmen döwletini we jemgyýetini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, esasy maksady halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň ygtybarly esasyny goýjak oňyn özgertmeleri yzygiderli amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizildi.
25.09
2018
Şu gün biz dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirýäris. Bu waka Bitarap Watanymyzda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenýän mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň öň ýanynda bolup geçýär.
25.09
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Marýa Liiwaladan ynanç hatyny kabul etdi.
25.09
2018
Türkmenistanyň ykdysadyýetinde erkin bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini dowam etdirmek hem-de Türkmenistanyň raýatlary üçin elektrik energiýasynyň, gazyň, ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň ilatyna elektrik energiýasynyň, gazyň, agyz suwunyň we nahar duzunyň mugt berilmegini bes etmek bellenildi.
25.09
2018
Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan berkararlyk we bagtyýarlyk döwründe ynamly depginler bilen öňe barýar. Ata Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli we uzak möhletleýin özgertmeler döwletimizde kuwwatly we köpugurly ykdysadyýeti döretmäge, şeýle hem halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar arkaly amala aşyrylýar.
24.09
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň “Ruh” otagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Onda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler hem-de Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň barşy, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içerki syýasatyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
24.09
2018
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.