Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Ka­ra­rlary
Syýasat habarlary
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Ka­ra­rlary
Çap edildi 25.09.2018
10469

Oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek ha­kyn­da Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan ber­ka­rar­lyk we bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ynam­ly dep­gin­ler bi­len öňe bar­ýar. Ata Wa­ta­ny­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li we uzak möh­let­le­ýin öz­gert­me­ler döw­le­ti­miz­de kuw­wat­ly we kö­pu­gur­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti dö­ret­mä­ge, şeý­le hem hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len mil­li mak­sat­na­ma­lar ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek, bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri döw­re­bap usul­da gu­ra­mak, oba ho­ja­ly­gy­na hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri giň­den çek­mek hem-de ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ka­rar ed­ýär: 1. Oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça şu aşak­da­ky tek­lip­le­ri ma­kul­la­ma­ly: 1) ýur­du­my­zyň daý­han bir­le­şik­le­ri­niň eke­ran­çy­lyk ýer­le­rin­den bug­daý, go­wa­ça we döw­let tab­şy­ry­gy­na gir­ýän beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek üçin oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te ýer gaz­na­sy­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky; 2) dö­re­dil­jek oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te ýer gaz­na­syn­dan Türk­me­nis­ta­nyň paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ne, daý­han ho­ja­lyk­la­ry­na, beý­le­ki ýu­ri­dik şahs­la­ry­na hem-de ra­ýat­la­ry­na (mun­dan beý­läk — önüm ön­dü­ri­ji­ler) ýer bö­lek­le­ri­ni 99 ýy­la çen­li möh­let bi­len peý­da­lan­ma­ga ber­mek ba­ra­da­ky; 3) dö­re­dil­jek oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te ýer gaz­na­syn­dan önüm ön­dü­ri­ji­le­re umu­my ýer bö­le­gi üçin bel­le­nen me­ýil­na­ma­ny do­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek şer­tin­de be­ril­ýän ýer bö­lek­le­ri­niň azyn­dan 70 gö­te­ri­min­de şert­na­ma­la­ýyn esas­da bug­daý, go­wa­ça we döw­let tab­şy­ry­gy­na gir­ýän beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­sy­ly­ny, ga­lan ýer bö­le­gin­de bol­sa, yl­my esas­da ekin do­la­ny­şy­gy­ny ge­çir­mek üçin döw­let tab­şy­ry­gy­na gir­me­ýän oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek ba­ra­da­ky; 4) dö­re­dil­jek oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te ýer gaz­na­syn­dan ber­len ýer bö­lek­le­rin­de döw­let tab­şy­ry­gy­na gir­ýän oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­dan ar­tyk ön­dü­ri­len önüm­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da önüm ön­dü­ri­ji­le­riň öz yg­ty­ýa­ryn­da gal­dyr­mak ýa-da döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ryn­dan döw­le­te tab­şyr­mak ba­ra­da­ky; 5) ýur­du­myz­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän ekin­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we önüm ön­dü­ri­ji­le­ri hö­wes­len­dir­mek üçin, 2019-njy ýy­lyň ha­sy­lyn­dan baş­lap, bug­da­ýyň we pag­ta­nyň döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ry­ny hem-de ola­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bi­len bag­ly kär­ha­na­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän hyz­mat­la­ryň ba­ha­sy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky; 6) önüm ön­dü­ri­ji­le­re oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ry gur­mak hem-de bu kär­ha­na­lar­da ön­dü­ril­jek önüm­le­ri içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar­da ýer­le­mek üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da­ky; 7) we­la­ýat­la­ryň mer­kez­le­ri­ne go­laý ýer­le­şen daý­han bir­le­şik­le­ri­niň eke­ran­çy­lyk ýer­le­rin­den oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te ýer gaz­na­sy­ny dö­ret­mek we önüm ön­dü­ri­ji­le­re gök-bak­ja, ýe­ral­ma ekin­le­ri­niň, üzü­miň we mi­we­li bag­la­ryň ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek hem-de bu önüm­le­ri gaý­ta­dan iş­le­mek üçin ýer bö­lek­le­ri­ni bel­le­nen ter­tip­de peý­da­lan­ma­ga ber­mek ba­ra­da­ky; 8) önüm ön­dü­ri­ji­le­re döw­let ta­ra­pyn­dan ýe­ňil­lik­li karz­la­ry ber­me­giň ha­sa­by­na Türk­me­nis­ta­nyň Oba we suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň mal­dar­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry­nyň ha­sa­byn­da­ky ga­ra mal­la­ry we do­war­la­ry, dü­ýe­le­ri, guş­la­ry fer­ma jaý­la­ry bi­len bi­le­lik­de ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da tap­gyr­la­ýyn hu­su­sy­laş­dyr­mak hem-de ola­ra bel­le­nen ter­tip­de ýer bö­lek­le­ri­ni bö­lüp ber­mek ba­ra­da­ky; 9) önüm ön­dü­ri­ji­le­re oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny, gu­ral­la­ry­ny we ab­zal­la­ry­ny hem-de suw tyg­şyt­laý­jy teh­ni­ka­la­ry we en­jam­la­ry sa­tyn al­mak üçin, sa­tyn alyn­ýan se­riş­de­le­riň do­ly ba­ha­sy­nyň 70 gö­te­ri­mi­ne çen­li möç­ber­de hem-de ga­lan bö­le­gi üçin bol­sa, al­jak gir­de­ji­le­ri­ni gi­rew goý­mak ar­ka­ly bank karz­la­ry­ny ber­mek ba­ra­da­ky; 10) önüm ön­dü­ri­ji­le­re, daý­han bir­le­şik­le­ri­ne we oba ho­ja­lyk yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­na oba we suw ho­ja­ly­gyn­da ula­nyl­ýan eks­ka­wa­tor­la­ry hem-de bul­do­zer­le­ri sa­tyn al­mak üçin ýyl­lyk 1 (bir) gö­te­rim bi­len, ola­ryň ula­nyş möh­le­tin­den ugur alyp, 10 ýy­la çen­li möh­le­te her ýyl­da deň paý­lar­da gaý­tar­mak şer­tin­de ýe­ňil­lik­li bank karz­la­ry­ny ber­mek ba­ra­da­ky. 2. Türk­me­nis­ta­nyň Oba we suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len bi­le­lik­de ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, önüm­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na yl­myň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri­ni or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te me­ýil­na­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ly. 3. Türk­me­nis­ta­nyň Oba we suw ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti, de­giş­li mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri bi­len bi­le­lik­de şu ka­ra­ryň bi­rin­ji bö­le­gin­de gör­ke­zi­len tek­lip­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri ama­la aşyr­ma­ly hem-de ze­rur bo­lan tek­lip­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­me­li. 4. Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si şu ka­ra­ryň bi­rin­ji bö­le­gin­de gör­ke­zi­len tek­lip­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ze­rur bo­lan üýt­get­me­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na gi­riz­me­li. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aş­ga­bat şä­he­ri, 2018-nji ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ry. *** Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy, gaz, agyz su­wy we na­har du­zy bi­len üp­jün et­me­gi ter­tip­leş­dir­mek ha­kyn­da Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler bar­ha giň ge­rim al­ýar. Wa­ta­ny­my­zyň sy­ýa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nyp, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça ze­rur bo­lup dur­ýan iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de se­na­gat jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni dö­ret­mek, se­na­gat­da, ulag we ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ryn­da, oba ho­ja­ly­gyn­da, şeý­le hem beý­le­ki ul­gam­lar­da hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry bo­ýun­ça me­ýil­leş­di­ri­len döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy ýo­kar­lan­ýar we ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri has-da go­wu­lan­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň äh­li ugur­lar­da dur­nuk­ly we ul­gam­la­ýyn ösü­şi­ni ga­zan­mak, bin­ýat­lyk çeş­me­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak hem-de dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ka­rar ed­ýär: 1. Türk­me­nis­tan­da dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri­ni ber­mek ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk hem kä­mil­leş­dir­mek ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­la­ryň tek­lip­le­ri­ni ma­kul­la­ma­ly hem-de 2019-njy ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan baş­lap, Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy, gaz, agyz su­wy we na­har du­zy bi­len ýe­ňil­lik­li we el­ýe­ter ba­ha­lar­dan tö­leg­li esas­da üp­jün et­me­li. 2. Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti şu ka­ra­ryň bi­rin­ji bö­le­gi­ni dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­ly ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­ma­ly we Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­me­li. 3. Şu­la­ry güý­jü­ni ýi­ti­ren di­ýip yk­rar et­me­li: 1) «Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­nyň elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny, ga­zy we su­wy mugt sarp et­me­gi ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 1992-nji ýy­lyň 30-njy sent­ýab­ryn­da çy­ka­ran № 958 ka­ra­ry ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň 1992-nji ýy­lyň 14-nji de­kab­ryn­da ka­bul eden HM-8 bel­gi­li çöz­gü­di­ni (Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Mag­lu­mat­la­ry, 1992 ý., № 12, 106-njy mad­da); 2) «Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny, ga­zy, su­wy we na­har du­zu­ny mugt ber­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň 2003-nji ýy­lyň 14-nji aw­gus­tyn­da ka­bul eden KHM-35 bel­gi­li ka­ra­ry­ny (Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Mag­lu­mat­la­ry, 2003 ý., № 3, 15-nji mad­da). 4. Şu ka­rar 2019-njy ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan he­re­ke­te gir­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aş­ga­bat şä­he­ri, 2018-nji ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ry. *** Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni 2019-njy ýyl­da ça­gyr­mak ha­kyn­da Türk­men hal­ky­nyň mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň baý ta­ry­hy tej­ri­be­si­ni göz öňün­de tu­tup, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de döw­let äh­mi­ýet­li, giň ge­rim­li iş­le­ri hal­ky­my­zyň we­kil­le­ri bi­len giň­den ara alyp mas­la­hat­laş­mak, döw­le­ti­mi­zi we jem­gy­ýe­ti­mi­zi mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­ler esa­syn­da ös­dür­mek bo­ýun­ça ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­mi­zi has-da ýaý­baň­lan­dyr­mak we kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, şeý­le hem «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da­ky» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­sion ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ka­rar ed­ýär: 1. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni 2019-njy ýyl­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ça­gyr­ma­ly. 2. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­ne döw­let dur­mu­şy­nyň il­kin­ji no­bat­da­ky me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin gi­riz­me­li. 3. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek we gel­ýän tek­lip­le­ri, ýüz­tut­ma­la­ry ka­bul et­mek, top­la­mak hem-de sel­jer­mek bo­ýun­ça Döw­let to­pa­ry­ny dö­ret­me­li we onuň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­ma­ly. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aş­ga­bat şä­he­ri, 2018-nji ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ry.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow