Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­tan­da Finl­ýan­di­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň il­çi­si işe baş­la­dy
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­tan­da Finl­ýan­di­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň il­çi­si işe baş­la­dy
Çap edildi 25.09.2018
1348

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa Finl­ýan­di­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si ha­nym Mar­ýa Lii­wa­la­dan ynanç ha­ty­ny ka­bul et­di. Mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň adyn­dan myh­ma­ny ýur­du­myz­da dip­lo­ma­tik işi­ne baş­la­ma­gy bi­len gut­lap, iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry we hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Il­çi öz no­ba­tyn­da mä­hir­li söz­ler üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Finl­ýan­di­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň ýe­tip gel­ýän 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ibe­ren mä­hir­li gut­lag­la­ry­ny hem-de tu­tuş türk­men hal­ky­na mun­dan beý­läk-de gül­läp ösüş ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Ha­nym Mar­ýa Lii­wa­la iki döw­le­tiň we halk­la­ryň bäh­bi­di­ne iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin äh­li tej­ri­be­si­ni we bi­li­mi­ni gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­na ynan­dy­ryp, hal­ka­ra sy­ýa­sy gi­ňiş­li­k­de, şol san­da Finl­ýan­di­ýa­da milli Li­de­ri­mi­ziň tu­tuş dün­ýä­de äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len yla­laş­dy­ry­jy­lyk­ly we dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň uly hor­ma­ta hem-de gol­da­wa eýe­di­gi­ni bel­le­di. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da do­ly yg­ty­ýar­ly we­kil Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy, on­da gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän äh­li ýurt­lar hem-de iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, oza­ly bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň dü­züm­le­ri bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge mö­hüm orun be­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň hal-ýag­da­ýy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ry­nyň we ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­di. Ýur­du­myz­da de­mok­ra­tik we hu­kuk öz­gert­me­le­riň ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça Mej­li­siň alyp bar­ýan iş­le­ri söh­bet­deş­li­giň mö­hüm me­se­le­si bol­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu gün paý­tag­ty­myz­da, Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň öň ýa­nyn­da ge­çi­ri­len umu­my­mil­li fo­ru­myň — Halk Mas­la­ha­ty­nyň or­ny we äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di. Ol hä­zir­ki türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ha­ky­ky halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­ly­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar. Öza­ra bäh­bit­le­riň we uzak­ möh­let­le­ýin­li­li­giň esa­syn­da ne­ti­je­li türk­men-fin hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň bar­şyn­da söw­da-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer-me­de­ni ul­gam­lar ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. *** Türk­me­nis­ta­nyň we Finl­ýan­di­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň we çuň­laş­dyr­ma­gyň me­se­le­le­ri­ne il­çi­niň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de ge­çi­ren du­şu­şy­gy­nyň bar­şyn­da hem se­re­dil­di.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow