18.01
2019
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli ugurlarda gazanan uly üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini, taryhy özgerişlerini, jemgyýetimiziň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny has-da şöhratlandyrmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalaryň, iri taslamalaryň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
17.01
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideokonferensiýa geçirdi, onda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly meselelere seredildi.
16.01
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylýan maksatnamalar, şeýle hem «Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
16.01
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary Kunio Mikuriýany kabul etdi.
16.01
2019
Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň birnäçe döwlet edaralary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
16.01
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
13.01
2019
Men we meniň ýanýoldaşym Size iberen hatyňyz üçin hoşallyk bildirýäris. Buşuň maşgala agzalary Siziň kakam hakyndaky ýakymly ýatlamalaryňyz üçin minnetdardyr.
11.01
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet ykdysady we durmuş syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, täze taslamalara hem-de milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça möhüm wezipelere seredildi, birnäçe resminamalar kabul edildi.
11.01
2019
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda 2019-njy ýylyň 9 — 10-njy aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ýokary derejeli ikinji halkara maslahata taýýarlyk görmäge bagyşlanylan maslahat geçirildi.
11.01
2019
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenistanyň geoykdysady mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde hususy pudagyň tutýan ornuny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.