10.01
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, şol ýerde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri kärhanasynyň — Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
09.01
2019
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Hojalyk müdirligine degişli maldarçylyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
08.01
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy bilen paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy hem-de ony mundan beýläk-de binagärlik we düzümleýin taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Şol taslamalar maýa goýum-gurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy.
08.01
2019
Täze ýylda bagt we rowaçlyk arzuw edýäris.
07.01
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze, 2019-njy ýylda ilkinji wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.
07.01
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary Aýdogdy Geldimämmedowiç Nurgeldiýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
07.01
2019
Gurbanmuhammet Babajanowiç Annaýewi Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
07.01
2019
Nazarow Töregylyjy, işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
07.01
2019
Halžan Atažanowiç Nuržanowy Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
07.01
2019
Abdyşükürow Süleýman Orunbaýewiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.