07.09
2018
Allagulyýew Polat Hemraýewiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
06.09
2018
Sizi «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
05.09
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Ýaragly Güýçleriň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.
05.09
2018
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen:
05.09
2018
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen:
05.09
2018
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyz, mähriban halkymyz berkarar döwletimiziň taryhynda uly we möhüm waka öwrüljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygynyň toýuna uly üstünlikler, ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan baş baýramymyzyň şanyna Garaşsyz, Bitarap döwletimizde gazanylýan üstünliklere egsilmez buýsanç duýgularyny has-da pugtalandyrýan aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär.
04.09
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça dikuçarda paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi.
31.08
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalaryny hem-de kabul edilen beýleki ykdysady we durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
31.08
2018
Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Berlin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Amanmuhammedowiç Ataýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Daniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
31.08
2018
Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny we döwrebap ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak hem-de wagyz etmek, ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmek we “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.