05.06
2019
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, şeýle hem bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
05.06
2019
Şu gün paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Daşary işler ministrligi bilelikde gurady.
04.06
2019
Iordan Haşimit Patyşalygynyň halkynyň, hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Oraza baýramy mynasybetli Size iň oňat gutlaglarymy iberýärin.
03.06
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.
03.06
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) ýolbaşçysy Dawid Lappartýeni kabul etdi.
03.06
2019
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek mende ägirt uly buýsanç duýgusyny döredýär.
03.06
2019
Sizi tomus paslynyň ajaýyp günlerinde halkara derejesinde bütin dünýäde, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde giňden bellenýän Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan sene hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen bu halkara baýramy mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, köpçülikleýin sport çäreleriniň mähriban halkymyzyň kalbynda eziz Watanymyza bolan beýik söýgini has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
03.06
2019
Sizi we tutuş türkmen halkyny Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
02.06
2019
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Ine Wengriýanyň Budapeşt şäherinde, Dunaý derýasynda seýil edilýän gäminiň heläkçilige uçramagy netijesinde Koreýa Respublikasynyň raýatlarynyň pida bolandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.
02.06
2019
Aşgabatda 2019-njy ýylyň 14 — 17-nji maýynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA gatnaşyjy döwletleriň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň XIV forumy geçirildi.