Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Oraza baýramy mynasybetli gutlaglar gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Oraza baýramy mynasybetli gutlaglar gelip gowuşýar
Çap edildi 03.06.2019
1666

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek mende ägirt uly buýsanç duýgusyny döredýär. Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagt, bütin musulman ymmatyna bolsa ösüş hem-de abadançylyk dileýärin. Meniň mähirli gutlaglarymy hem-de dostluk we hormat goýmak baradaky aýdanlarymy kabul ediň! Siziň doganyňyz, Halifa bin Zaýed Al-Nahaýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Prezident, gadyrly doganym, Siziň Alyhezretiňizi Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu mukaddes baýramyň ähli musulman ymmatyna hem-de tutuş dünýä parahatçylyk we asudalyk getirmegini arzuw edýärin. Pursatdan peýdalanyp, öz halkymyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa ösüş hem-de abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Rejep Taýyp Ärdogan, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Yrak halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, şeýle hem Size berk jan saglyk we bagt, türkmen halkyna bolsa geljekde hem ösüş we abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir. Iki halkyň hem bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalarymyzyň hasyl bolmagyny Beýik Biribardan dileg edýärin. Meniň belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. Barham Saleh, Yrak Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Hut öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan Sizi hem-de Siziň üstüňiz bilen ýurduňyzyň ähli musulmanlaryny belent ahlak gymmatlyklaryny alamatlandyrýan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu röwşen baýram gününde Size berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna parahatçylyk hem abadançylyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Ilham Aliýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size we doganlyk türkmen halkyna röwşen Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy şatlyk bilen beýan edýärin. Bu nurana baýramçylyk günleri biz asylly işleri amala aşyrmaga hem-de ylalaşyk hem doganlyk, raýdaşlyk we agzybirlik, özara goldaw bermek we sogap işleri berjaý etmek ýaly belent ruhy gymmatlyklary durmuşa ornaşdyrmaga aýratyn yhlas edýäris. Biziň netijeli döwletara gatnaşyklarymyzyň geljekde hem iki ýurduň bähbitlerine täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn. Size berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, geljekde hem ösüş we bagtyýarlyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Emomali Rahmon, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow