Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi. Maslahat dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini hem-de olaryň ata Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere, gazanylýan uly ösüşlere, beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesine tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny aýdyň görkezdi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň has-da kämilleşdirilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenler bilen ýola goýulýan gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär. Dünýä türkmenleri öz ykballaryny ata Watanyň ykbalyndan aýry görmän, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň köpugurly ösüşlerini, milli däp-dessurlarymyzy öz ýaşaýan ýurtlarynda wagyz edýärler. Birleşigiň daşary ýurt bölümleri döwletimiziň oňyn başlangyjyny goldap, dürli çäreleri geçirýärler.
Dünýä türkmenleri sebitde we tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygyň, asudalygyň, özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň berkarar bolmagy ugrunda tagallalary birleşdirýän, hyzmatdaş döwlet hökmünde giňden tanalýan ýurdumyzda geçirilýän köp sanly çärelere işjeň gatnaşýarlar hem-de ata Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň şaýady bolýarlar.
...Ir bilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasynyň ýanyna geldiler. Olar eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň nyşany bolan we paýtagtymyzyň iň naýbaşy binalarynyň biri hasaplanýan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar.
Soňra çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezine geldiler. Bu ýerde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatynyň işi başlanmazdan ozal, olar merkeziň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergide türkmen halkynyň milli mirasyny, taryhyny açyp görkezýän muzeý gymmatlyklary, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Muzeý gymmatlyklary, milli lybaslar, saz gurallary, zehinli zergärleriň nepis işleri, halylar, haly önümleri we surat eserleri myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny, taryhyny açyp görkezýän ajaýyp eserlerine möhüm orun berlipdir. Bagşy-sazandalaryň çykyşy sergä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty öz işine başlady. Maslahat açyk diýlip yglan edilip, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi.
Maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyzda geçirilýän Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlag sözleri beýan edilip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň toýly günlerinde geçirilýän bu maslahatyň dünýä türkmenlerini bir supranyň başynda jebisleşdirip, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirilýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň baý medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny, taryhyny, häzirki döwürde gazananlaryny wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine aýratyn orun degişlidir. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bellenilýän ýylda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň döredilmegine hem 35 ýyl doldy. Şu geçen döwürde birleşik Zeminiň çar künjeginde ýaşaýan doganlarymyzy bir saçagyň başyna jemläp, Watanymyzyň ösüşlerini dünýä ýaýmak, ykdysady, medeni, ylym, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, telekeçilik ýaly ulgamlarda gatnaşyklarymyzy ösdürmek, maddy we ruhy mirasymyzy baýlaşdyrmak ugrunda netijeli işleri alyp barýar. Birleşigiň agzalary Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazýan şanly wakalara, toý-baýramlarymyza şaýat bolýarlar.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy uly üns bilen diňlenilip, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Soňra maslahatyň gün tertibi biragyzdan tassyklanyldy. Onda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň netijeleri we türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýä türkmenleriniň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň gün tertibindäki meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi.

Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň, gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň dünýä türkmenlerini hem çäksiz buýsandyrýandygy, dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmen doganlarymyzyň özlerini hossarly duýýandyklary, ata Watanymyzda gazanylýan taryhy ähmiýetli üstünliklere guwanýandyklary nygtaldy. Şeýle-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar, dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegini şertlendirýän iri halkara taslamalar barada giňişleýin durlup geçildi.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynda möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu guramanyň işiniň ähmiýetini has-da artdyrmaga, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda birleşigiň bölümleriniň alyp barýan işleri türkmen halkynyň baý medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny dünýäde giňden wagyz etmekde, halklaryň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Bellenilişi ýaly, DTYB-nyň bölümleriniň agzalary Watanymyz bilen ýygjam gatnaşyklary goldap, öz ýaşaýan ýerlerinde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, milli medeniýetimizi, däp-dessurlary wagyz edýärler. Ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoluny öwrenmek bilen, olar toplan maglumatlaryny elektron neşirlerdir döwürleýin neşirler arkaly dürli ýurtlaryň okyjylaryna ýetirýärler. Şunda birleşmäniň “Türkmen dünýäsi” gazetine aýratyn orun degişlidir.
Garaşsyz Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylyşyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende galýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki iri halkara guramalaryň mejlislerinde sebit hem-de dünýä ähmiýetli başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şol başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda birnäçe Kararnamany kabul etmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygarynyň mazmunyna laýyklykda geçirilýän çärelere aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça meýilleşdirilen çäreleriň Maksatnamasynyň kabul edilendigi barada aýdylyp, ýylyň başyndan bäri ahalteke bedewlerimiziň we türkmen atşynaslarynyň gatnaşmagynda guralan iri çäreler barada nygtaldy. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleriniň dünýä çempionatynyň hem-de onuň çäklerinde dürli medeni çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi munuň anyk güwäsidir. Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmakda, türkmen halkynyň baý medeniýeti bilen tanyşdyrmakda örän uly ähmiýete öwrülen möhüm çärä öwrüldi.
Çykyşlarda daşary ýurtly watandaşlarymyz pederleriň mukaddes topragyna gelip görmäge, häzirki döwürde şöhraty dünýä dolan Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga döredilýän mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyk beýan edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurtly türkmenler bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Dünýä türkmenleriniň wekilleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine, döwlet derejesinde geçirilýän beýleki çärelere işjeň gatnaşýarlar. Bellenilişi ýaly, olar ykbalyň emri bilen ata Watanymyzdan alysda ýaşaýan hem bolsalar, hemişe Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň dünýä türkmenleri hakynda edýän aladalaryny duýup ýaşaýarlar. Çykyş eden wekiller şular barada aýdyp, öz ýaşaýan ýurtlarynda alyp barýan işleri hakynda durup geçdiler.
Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyzystandan, Owganystandan, Germaniýadan, Eýrandan gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurt bölümleriniň işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olar her gezek Türkmenistana gelenlerinde haýran galdyrýan ösüşleri görüp, muňa örän buýsanýandyklaryny, Garaşsyzlygyň diňe bir ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabady däl, eýsem, tutuş türkmen topragyny tanalmaz derejede özgerdendigini nygtadylar. Arkadag şäheri, onuň çäginde kaşaň metjidiň gurulmagy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň doly tamamlanyp ulanmaga berilmegi, Türkmenistanda ilkinji gezek «Gadamly» atly gury ýük gämisiniň gurlup, Hazar deňzinde ýüzüşe başlamagy ýaly wakalar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny has-da şöhratlandyrýar. Bularyň ählisi döwletiň ykdysady kuwwatyny has-da berkidip, halkyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrýar. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, ýurdy ösen senagat döwletine öwürmek, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, döwletiň halkara abraýyny has-da belentliklere götermek ugrunda amala aşyrylýan döwletli işler tutuş dünýä üçin nusgalykdyr.
“Biz dünýäniň haýsy künjeginde ýaşasak-da, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize, ata Watanymyza, ýaşyl tugumyza, türkmen bolup doglandygymyza buýsanyp ýaşaýarys” diýip, çykyş eden daşary ýurtly watandaşlarymyz biragyzdan bellediler hem-de Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Çykyşlarda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň doganlyk gatnaşyklary we raýdaşlygy berkitmekde, ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirildi.
Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işjeň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Sylaglananlar bildirilen uly hormat üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, dünýä türkmenleriniň howandary Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez gujur-gaýrat, döwletli tutumlarynda mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Onda birleşigiň agzalarynyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeleri, milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy öz ýaşaýan ýurtlarynda wagyz etmek ugrunda mundan beýläk-de yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklary bellenilýär.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty ýapyk diýlip yglan edilenden soňra, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Maslahat tamamlanandan soň, bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy.