Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 18.09.2026
23

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Zähmet, Maşgala, Sanitariýa kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, şeýle hem hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary bilen, Türkmen-moldowan parlamentara dostluk toparynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlaryň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak, durmuş kepilliklerini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu ugurda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda raýatlaryň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak, durmuş kepilliklerini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow nebitgaz toplumynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda zähmet çekýän işgärler üçin has oňaýly we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga, ildeşlerimiziň zähmete bolan höwesini has-da artdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin Mary şäherinde 720 hojalyga niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumyny gurmak maksady bilen, onuň ilkinji tapgyry hökmünde jemi 256 hojalyga niýetlenen 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli we 4 sany 4 gatly, her biri 24 öýli, Balkanabat şäherinde bolsa jemi 240 hojalyga niýetlenen 10 sany 4 gatly, her biri 24 öýli, Türkmenbaşy şäherinde bir sany 12 gatly, 72 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Wise-premýer pursatdan peýdalanyp, döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza toplumyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärler üçin has oňaýly, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we Diýarymyzyň welaýatlarynda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Möwsümde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek, bugdaý ekiljek ýerlerde suw tutmak, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak ugrunda-da işler dowam edýär. Tabşyrylan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda, pagta kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek işleri alnyp barylýar.

Welaýatlarda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ösdürip ýetişdirmek, bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek üçin häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek, hasyly ýygnap almak babatda degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ekişini talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almagy guramaçylykly alyp barmagy hem tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bu kärhanalary, hususan-da, «Tejenkarbamid» zawodyny önümçilik taslama kuwwatynda we yzygiderli işletmek maksady bilen zerur işler geçirilýär. Munuň özi öndürilýän önümleriň içerki sarp edijileri kanagatlandyrmagy bilen bir hatarda, olaryň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberiniň artdyrylmagyna hem ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmeginiň möhümdigini aýtdy hem-de «Tejenkarbamid» zawodyny netijeli işletmek maksady bilen taýýarlanylan resminama gol çekdi we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, toparyň mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalyk pudaklarynda, maliýe we bank, gümrük, sanly tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek, daşky gurşawy goramak, döwlet kadastry, işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy ýaly meseleler barada pikir alşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biri bolup durýandygyny, ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny aýdyp, toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa ýurdumyzyň muzeýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň baý mirasyny, şöhratly taryhyny giňden wagyz etmek, ata-babalarymyzdan gelýän gymmatlyklary geljek nesillere ýetirmek boýunça ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp barylýan işleri döwrebap guramak we kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem “Muzeýler we muzeý işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Muzeýleriň derejeleriniň sanawynyň hem-de Muzeýlere derejeleri bermegiň tertibiniň taslamalary taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý mirasyny, şan-şöhratly taryhyny giňden wagyz etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy hem-de ýurdumyzyň muzeýlerinde alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan resminama gol çekdi hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynyň täze goşmaça binalar toplumyny, Aşgabat şäherinde gurlan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini, Halkara pediatriýa merkezini, Stomatologiýa merkezini dabaraly açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şeýle hem hünär baýramyna gabatlap, “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmek, beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere ýurdumyzda täze saglygy goraýyş edaralaryny açyp ulanmaga bermek mynasybetli dabaralara gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň bir ugry döwletimiziň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Bu babatda Koreýa Respublikasyny we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatyny görkezmek bolar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14 — 16-njy sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Koreýa döwlet saparyny amala aşyrdy we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň işine gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň dowamynda amala aşyran işleriniň netijesinde hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň sapary syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan çärelere baý boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejedäki gepleşikleri, hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy we Premýer-ministri bilen duşuşyklary geçirildi. Saparyň dowamynda Songýungwan uniwersitetinde döwlet Baştutanymyzyň syýasy ylmy tejribesini, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan aýratyn goşandyny ykrar etmegiň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimize bu uniwersitetiň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesi berildi.

Hormatly Prezidentimiziň we Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň işine türkmen tarapyndan 100-den gowrak, koreý tarapyndan 90-a golaý wekil gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dostluga we umumy ösüşe goşan goşandy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasy tarapyndan Hormat nyşany we ýörite şahadatnama gowşuryldy. Maslahatyň işiniň netijeleri boýunça döwlet we hususy taraplara degişli birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.

Medeni-ynsanperwer ugur boýunça Gwangju we Seul şäherlerinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň netijeleri boýunça jemi 44 resminama gol çekildi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýet agzalarynyň Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň, kompaniýalarynyň we beýleki edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri bilen jemi ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň 31-si geçirildi.

Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň işine gatnaşdy we onuň barşynda 2007-nji ýylda döredilen bu mehanizmiň işini ulgamlaýyn esasda ösdürmek babatda birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi. Sammitiň çäklerinde «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammiti geçirildi. Ýokary derejeli duşuşygyň öňüsyrasynda agzalan formatda senagat, emeli-aň, ylym, tehnologiýa, tokaý hojalygy we howanyň üýtgemegine garşy göreş babatda hereketler boýunça ministrler derejesindäki duşuşyklar guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň türkmen-koreý gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Koreýa bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň intellektual eýeçilik babatda halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň innowasion-ykdysady ösüşinde intellektual eýeçilik ulgamynyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň milli hukuk binýadyny halkara standartlara laýyklykda kämilleşdirmek, awtorlyk hukuklarynyň netijeli goralmagyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň tassyklan «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» esasy resminama bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmek we ony ýurdumyzda ulanmak, milli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, intellektual eýeçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy, hususan-da, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasy hem-de Ýewraziýa Patent Guramasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin birnäçe teklipler beýan edildi.

Nygtalyşy ýaly, Ýewraziýa Patent Guramasy bilen bilelikde şu ýylyň 17-18-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Innowasion ösüş we oýlap tapyjylar üçin goldaw — sebitleýin we global mümkinçilikler» atly okuw maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Onuň dowamynda intellektual eýeçiligi goramak, oýlap tapyşlary bellige almagyň, olary önümçilige ornaşdyrmagyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar. Bu çärä degişli döwlet edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň, hususy pudagyň wekilleriniň, Ýewraziýa Patent Guramasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

21 — 23-nji oktýabrda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçiriljek Ýewraziýa Patent Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 48-nji mejlisine, onuň bilen ugurdaş geçiriljek intellektual eýeçilik boýunça halkara maslahata Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy teklip edilýär. Bu çäreleriň çäklerinde Ýewraziýa patent ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de degişli edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistan 1995-nji ýyldan bäri Ýewraziýa Patent Guramasynyň agzasy bolup, bu guramanyň Dolandyryjy geňeşine 2025-nji ýylda başlyklyk etdi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren Patent işini tizleşdirmegiň Ýewraziýa maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama Türkmenistanyň goşulmagy baradaky teklip beýan edildi. Ýurdumyzyň bu maksatnama goşulmagy milli patent edarasynyň daşary ýurtlaryň degişli edaralary bilen tejribe alyşmagyny giňeltmäge, gaýtalanýan ekspertiza amallaryny azaltmaga, patent arzalaryna has netijeli seredilmegine ýardam berer.

Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň çäklerinde 1994-nji ýylda kabul edilen Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Şertnama we 2006-njy ýylda kabul edilen Haryt nyşanlary boýunça kanunlar hakynda Singapur Şertnamasyna hem Türkmenistanyň goşulmagy teklip edilýär. Bu Şertnamalaryň maksady haryt nyşanlaryny milli we sebit derejesinde döwlet belligine almak bilen bagly amallary düzgünleşdirmekden, bu ugurda gelip gowuşýan ýüzlenmeler boýunça amala aşyrylýan hukuk taýdan ähmiýetli hereketleri ýönekeýleşdirmekden, olary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmekden ybaratdyr.

Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasy tarapyndan işlenip taýýarlanan «Innowasion mümkinçilikler boýunça ugrukdyryjy» atly täze guraldan peýdalanmak boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 16 — 20-nji noýabrynda Ženewa şäherinde geçiriljek Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Ösüş we intellektual eýeçilik boýunça komitetiniň 37-nji mejlisine gatnaşmagy, onuň çäklerinde bu guramanyň degişli düzümleriniň wekilleri bilen agzalan guralyň mümkinçilikleri, ondan peýdalanmagyň aýratynlyklary we ony ýurdumyzda ulanmagyň ýollary boýunça gepleşikleri geçirmek baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň intellektual eýeçiligi goramak boýunça halkara konwensiýalara we ylalaşyklara goşulyp, bu ugurda netijeli işleri alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň intellektual eýeçilik babatda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýol pudagynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek boýunça “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan degişli işler geçirilýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Munuň özi pudagyň ýük dolanyşygyny yzygiderli ösdürmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň ýük dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlise gatnaşyjylar Koreýa döwlet saparynyň we “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitiniň üstünlikli geçmegi, Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin mejlise gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow