Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Oleg Kononenko: öz Watanymyň Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak baradaky başlangyjynyň dünýäde biragyzdan goldaw tapandygyna buýsanýaryn
Syýasy habarlar
Oleg Kononenko: öz Watanymyň Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak baradaky başlangyjynyň dünýäde biragyzdan goldaw tapandygyna buýsanýaryn
Çap edildi 03.06.2019
999

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi we tutuş türkmen halkyny Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni Siziň ýolbaşçylygyňyzda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň ykrar edilmesi boldy. Kosmonawtlar üçin sagdyn beden hünär işiniň üstünlikli alnyp barylmagynyň düýpli düzümleriniň biridir. Elbetde, men sporty we bedenterbiýäni diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, halkara giňişlikde ilerletmek boýunça Siziň edýän tagallalaryňyzy tüýs ýürekden goldaýaryn. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Olimpiýa hereketinde gazanýan üstünlikleri jedelsizdir. 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen V Aziýa oýunlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Siziň sport we bedenterbiýe bilen şahsy gyzyklanmaňyz hem-de bu ugurda gazanýan üstünlikleriňiz dünýäde giňden bellidir. Munuň özi köplere, aýratyn-da, ýaş nesle görelde almak üçin ajaýyp nusgadyr. Men Türkmenistanda doglandygyma, öz ýurdumyň Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak baradaky başlangyjynyň dünýäde biragyzdan goldaw tapandygyna buýsanýaryn. Munuň özi Türkmenistanyň abraýynyň barha artýandygynyň, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty we bedenterbiýäni wagyz etmek boýunça Siziň alyp barýan syýasatyňyza giňden eýerilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, baýramçylyk mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ýene bir gezek kabul ediň! Size berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, alyp barýan syýasy we döwlet işiňizde täze belent üstünlikleri arzuw edýärin. Meniň gutlaglarymy, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlarymy mähriban türkmen halkyna ýetirmegiňizi haýyş edýärin. Oleg Kononenko, lýotçik-kosmonawt

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow