Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
23.05 2019
Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
22.05 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-başlygy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Ýoiçi Kobaýaşini kabul etdi.
22.05 2019
Şu gün paýtagtymyzda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi boldy. Oňa iki döwletiň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyza Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Igor Lýaşenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi.
21.05 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki Başlygy, Slowakiýa Respublikasynyň daşary hem-de ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçagy kabul etdi.
21.05 2019
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGС — 2019) öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy «Türkmengaz» döwlet konserni gurady.
21.05 2019
Ilki bilen siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
20.05 2019
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda ýaşaýan ilatyň howpsuz ýaşaýyş-durmuş, ykdysady we ekologiýa şertlerini üpjün etmek, seýsmik howplulyk derejesini kesgitlemek, hasaba almak we ýüze çykyp biljek ýertitremeleriň täsirini peseltmek, şeýle hem «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek» maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
20.05 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýartony kabul etdi.
18.05 2019
Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi goşa baýram hökmünde dabaralandyrýar. Munuň özi mähriban Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň bozulmaz agzybirligini we bitewüligini aňladýan şanly senelerdir.
18.05 2019
Sizi milli senenamamyzda möhüm sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
804 sahypa
Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant