Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Çap edildi 28.09.2019
735

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Kanadanyň halkynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we gutlaglarymy ýollaýaryn. Pursatdan peýdalanyp, şu ýylyň mart aýynyň başynda ýurdumyza Kanada — Merkezi Aziýa Suw forumyna gatnaşmak üçin gelen Türkmenistanyň wekiliýetini kabul edendigimi kanagatlanma duýgusy bilen bellemek isleýärin. Bu çäräniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda suw serişdelerini dolandyrmagyň ählumumy meseleleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge goşant boljakdygyna umyt edýäris. Ýakyn ýyllarda biziň döwletlerimiziň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly guramanyň çäklerinde ýakyn gatnaşyklar üçin has uly mümkinçilikleriň dörediljekdigine ynanýaryn. Sizi hem-de Siziň halkyňyzy şanly sene bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn. Size uly hormat bilen, Hanym Žýuli PEÝETT, Kanadanyň General-gubernatory.

***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Awstraliýanyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli mähirli arzuwlarymy ýollaýaryn. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkejekdigine we giňeljekdigine ynanýaryn. Hormatlamak bilen, Dewid HERLI, Awstraliýanyň General-gubernatory.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident! Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin. Soňky ýyllarda Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli ösýändigine şatdyryn. Biziň ýurdumyzyň wenger-türkmen hyzmatdaşlygynyň täze ulgamlarda giňeldilmegine gyzyklanýandygyna Sizi ynandyrýaryn. Size berk jan saglyk we jogapkärli işleriňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Ader ÝANOŞ, Wengriýanyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident! Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de türkmen halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky päk arzuwlarymy kabul ediň! Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Moldowa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň hem-de däp bolan dostlukly we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine pugta ynamymy beýan edýärin. Hormatly jenap Prezident, Size berk jan saglyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Meniň Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Igor DODON, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Palestina Döwletiniň, ýurduň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy ibermek mümkinçiligine şatdyryn. Siziň ýurduňyza we dostlukly türkmen halkyna öňe gitmek we gülläp ösmek baradaky arzuwlarymy beýan etmek bilen, biziň halklarymyzyň bähbidine ähli ugurlar boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzy has ýokary derejä çykarmaga ygrarlydygymyzy ýene-de bir gezek bellemek isleýärin. Siziň Alyhezretiňize bagt we saglyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Mahmud ABBAS, Palestina Döwletiniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident! Sizi Türkmenistanyň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Migel Dias-Kanel BERMUDES, Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň we Ministrler geňeşiniň başlygy.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we öz adymdan Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Döwlet Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli gutlaýaryn. Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň mäkäm däplerine esaslanýan Russiýa — Türkmenistan gatnaşyklary okgunly ösýär. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary berkidilýär, dürli ugurlarda bilelikdäki iri taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglygyny, abadançylyk hem-de jogapkärli işiňizde täze üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Dmitriý MEDWEDEW, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow