Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 26.09.2019
1068

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hýu Stenli Filpotty kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp mähirli kabul edendigi üçin milli Liderimize Şa zenany Ýelizaweta II hem-de Premýer-ministr Boris Jonsonyň mähirli salamyny ýetirdi. Olar Beýik Britaniýanyň ýurdumyz bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny tassykladylar. Pursatdan peýdalanyp, jenap Hýu Stenli Filpott döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy bilen gutlady we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Beýik Britaniýanyň Şa zenanyna hem-de Premýer-ministrine salam aýdyp, ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtady. Döwlet Baştutanymyz diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, däp bolan türkmen-britan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda milli Liderimiz hem-de Beýik Britaniýanyň doly ygtyýarly wekili dürli ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdylar. “Açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin ähli şertleriň, şol sanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigi bellenildi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary we düzümleýin taslamalar, ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge alnan ugur netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleri şertlendirýär. Söwda-ykdysady, energetika, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamlary, oba hojalygy, gurluşyk, beýleki pudaklaryň birnäçesi hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ulag ulgamy hem özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Türkmenistan bu ulgamda multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça halkara ähmiýetli taslamalaryň birnäçesiniň başyny başlady. Ýurdumyzyň amala aşyrýan innowasion ösüş strategiýasyny nazara almak bilen, öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşine möhüm orun degişlidir. Onuň nobatdaky mejlisi şu ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin uly wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi. Şol wekiliýetiň düzümine Beýik Britaniýanyň degişli edaralarynyň hem-de dürli ulgamlarda işleýän meşhur kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri girdiler. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ekologiýa ulgamy hem hyzmatdaşlygyň we özara peýdaly tejribe alyşmagyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi. Saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk üçin oňaýly mümkinçilikler bar. Diplomat öz tarapyndan türkmen-britan hyzmatdaşlygyny, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary, ikitaraplaýyn ykdysady we işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hýu Stenli Filpott döwletara hyzmatdaşlygyň taraplaryň hoşniýetli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow