Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Altkomyň» direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Altkomyň» direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 26.09.2019
862

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altkom» maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni hem-de düýn geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adynyň dakylmagy bilen gutlady. Milli Liderimiz ukrainaly işewüri mübärekläp, gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýtdy hem-de «Altkomyň» öňdebaryjy tejribesini we ýurdumyz bilen bilelikde amala aşyrýan taslamalaryny belledi. Maliýe-senagat toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, milli özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşynda açylan uly mümkinçilikleri belledi. Şunuň bilen baglylykda, myhman milli Liderimiziň Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjyna ýokary baha berdi. Bu forum ilkinji gezek Awazada geçirildi hem-de uly üstünlige eýe bolup, netijeli gepleşikler meýdançasyna öwrüldi. Myhman işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdyp, ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijidigini hem-de gatnaşyklaryň, şol sanda dürli desgalary we awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyň uly kuwwata eýedigini belledi. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan dürli taslamalara gatnaşmagy babatdaky teklipleri beýan etdi hem-de «Altkomyň» jogapkärli wezipeleri çözmek üçin özüniň ähli inžener-tehniki mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardygyna ynandyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ukrainaly hyzmatdaşlaryň özara gatnaşyklara işewür çemeleşmesini makullap, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrýan Türkmenistanyň dostlukly ýurduň kompaniýalarynyň pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryna hem-de ulag ulgamynda iri taslamalara gatnaşmagyna degişli tekliplere garamaga hemişe taýýardygyny belledi. Myhman bildirilýän ynam üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, tutuş dünýäde abraýy barha artýan Türkmenistanyň ykdysady ösüşine saldamly goşant goşmagyň uly hormatdygyny nygtady.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow