31.07
2020
Milletimiň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
30.07
2020
Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Azerbaýjanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
30.07
2020
Sizi Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesiniň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baradaky çözgüt onuň agzalary tarapyndan 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş geňeşiniň mejlisinde kabul edildi.
30.07
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana iberen hatynda türk Liderine iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge berýän aýratyn ünsi we goşýan şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
30.07
2020
Şu gün «Merkezi Aziýa döwletlerinde 2020-2021-nji ýyllar döwründe ýolagçylar barada deslapky maglumat alyş ulgamyny (API) ornaşdyrmak» atly sebit taslamasynyň çäklerinde Migrasiýa boýunça halkara gurama tarapyndan (Ženewa şäheri) wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň migrasiýa hem-de serhet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
30.07
2020
2020-nji ýylyň 30-njy iýulynda onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça nobatdaky duşuşyk geçirildi.
29.07
2020
Şu gün zähmet rugsadynda bolýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşdy.
29.07
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi.
29.07
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
29.07
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.