Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 30.07.2020
930

Şu gün «Merkezi Aziýa döwletlerinde 2020-2021-nji ýyllar döwründe ýolagçylar barada deslapky maglumat alyş ulgamyny (API) ornaşdyrmak» atly sebit taslamasynyň çäklerinde Migrasiýa boýunça halkara gurama tarapyndan (Ženewa şäheri) wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň migrasiýa hem-de serhet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky onlaýn duşuşygy API ulgamynda täzelikler bilen tanyşdyrmak hem-de ony iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň barşy we bu ugurda işleriň meýilnamasy barada pikir alyşmak maksady bilen guraldy. Maslahata gatnaşyjylar ählumumy howpsuzlyk üçin sebit taslamasynyň örän wajypdygyny nygtadylar. Ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň we onuň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Duşuşykda Migrasiýa boýunça halkara guramanyň Merkezi Aziýadaky wekili bu düzümiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini belledi. Şunda 2020-2021-nji ýyllar üçin, şol sanda deslapky maglumat alyş ulgamynyň sebit ýolagçy taslamalary durmuşa geçirildi. Maslahata gatnaşyjylaryň umumy pikirlerine görä, Merkezi Aziýa uly ähmiýetli ulag-üstaşyr merkez bolmak bilen, sebitiň hem-de yklymyň durnukly ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda özara tejribäniň öwrenilmegine hem-de häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow