Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Çap edildi 30.07.2020
796

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Azerbaýjanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Wise-premýer Reşit Meredow Jeýhun Baýramowy Azerbaýjan Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegi bilen gutlap, oňa jogapkärli işinde üstünlikler arzuw etdi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirildi. Iki ýurduň geostrategik mümkinçiligi göz öňünde tutulyp, ulag-üstaşyr ulgamda özara hereketiň möhümligi nygtaldy. Koronawirus ýokanjyna we onuň netijelerine garşy durmak boýunça bilelikdäki tagallalar ara alnyp maslahatlaşylan temalaryň biri boldy. elefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda sebitleýin we halkara syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow