Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak ugruna eýerip
Syýasy habarlar
Jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak ugruna eýerip
Çap edildi 28.12.2020
753

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň gatnaşmagynda häzirki zaman şertlerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şonuň ýaly-da demokratiýanyň esaslaryny berkitmekde zenanlaryň ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryny giňeltmegiň meselelerine bagyşlanan “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi. “Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmegiň meseleleri boýunça düzümiň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanmagy ýurdumyzyň gender deňhukuklylygyna we BMG bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygy bellenildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. “Tegelek stola” gatnaşyjylar BMG-niň resminamalaryna laýyklykda, milli hasabatlary we synlary taýýarlamak, bu ulgamdaky öňdebaryjy tejribäni öwrenmek boýunça yzygiderli geçirilýän okuwlar, duşuşyklar hem-de maslahatlar barada habar berdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 73 döwletiň awtordaşlygynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini bellediler. Bu Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine durmuşa geçirýän daşary syýasat ugrunyň dünýä bileleşigi tarapyndan ählitaraplaýyn goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu duşuşyk halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen gatnaşyklary berkitmegiň ýolundaky ýene bir ädim boldy.

Soňky habarlar
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow