Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.
Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän goşa baýramy belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda şanly seneleriň hormatyna guralan dabaralara gatnaşdy.
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Konstitusiýa binasyna hem-de Baýdak sütünine gül desselerini goýmak dabaralary tamamlanandan soň, Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine geldi.
Eziz watandaşlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şanly 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Şu gün, ýurdumyzyň iň täze taryhynda şanly seneleriň öňýanynda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: täze taryhy eýýäm we kanunçykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň Patyşasy Harald V hem-de ýurduň ähli halkyna Norwegiýanyň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.