Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Size we tutuş türkmen halkyna wenger-türkmen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Şu geçen döwürde gatnaşyklar iki halkyň bähbidine özara hormat goýmak esasynda ösdürildi.
Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýän «Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwalynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hat iberdi. Ol şu ýyl Gazagystanyň we Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna hem-de birnäçe meselelere garaldy.
Siziň Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti wezipesine saýlanylmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Bu wezipä saýlanylmagyňyz Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň agzalarynyň Siziň sport gymmatlyklaryny we Olimpiýa hereketini ilerletmäge ygrarlydygyňyzyň nyşany hökmünde bildiren ynamynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.