Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 17.05.2022
1148

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk hem-de Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkynyň rowaçlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki döwürde Gazagystan Respublikasynyň ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe gidip, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanýandygy hem-de dünýäde abraýyny has-da berkidýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýola goýlan netijeli türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Gazagystanyň Baştutanynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly üns berýändigini aýratyn belledi.

Biz Siziň ynanyşmak ýagdaýyndaky garaýşyňyza ýokary baha berýäris we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ähli ugurlar boýunça köpugurly gatnaşyklary ilerletmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistanyň we Gazagystanyň esasy ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Dostlukly goňşy döwletleriň arasynda işjeň syýasy gatnaşyklar alnyp barylýar, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça köpugurly hyzmatdaşlyk berkidilýär.

Türkmen-gazak söwda-ykdysady gatnaşyklar okgunly ösdürilýär, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär we berkidilýär hem-de parlamentara gatnaşyklar işjeň dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlary ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde asyrlaryň dowamynda iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň iki döwletiň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetleşigiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi doglan güni bilen ýene-de bir gezek gutlady we oňa berk jan saglyk we egsilmez güýç-gaýrat hem-de bagt we Gazagystanyň doganlyk halkynyň rowaçlygynyň we abadançylygynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow