«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyz dostlukly, netijeli döwletara gatnaşyklary, şeýle-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat ugruny ynamly dowam edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bu öňdengörüjilikli strategiýa dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna we goldawyna eýe boldy.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenýän şu ýylyň wakalary munuň aýdyň güwäsidir. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegini görkezmek bolar. 2-nji awgustda Daşary işler ministrliginde geçirilen maslahat hem bu şanly waka bagyşlandy. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç döwlet Baştutanymyz tarapyndan 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda öňe sürüldi. 78 döwletiň awtordaşlygynda biragyzdan kabul edilen resminama Türkmenistanyň nobatdaky daşary syýasy üstünligidir.
Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylykly ýaşamak, döwletlilik, adalatlylyk we kanunyň hökmürowanlygy ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny äşgär edýän bu Kararnamanyň halkara ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem resminamany durmuşa geçirmek, şol sanda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Milli hereketler meýilnamasynyň hem-de «Halkara hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýanyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmagyň möhümdigi bellenildi.
Iri halkara we sebit giňişliginde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde ýurdumyzyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen dialogynyň netijeli häsiýetini bellemek gerek. 5-nji awgustda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ÝHHG-ä başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassis bilen geçiren duşuşygynda bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn häsiýete eýe bolup, amaly netijelere gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda ÝHHG-niň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sebit çärelerini geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem ýakyn wagtda paýtagtymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe bilelikdäki çäreleriň taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alşyldy. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi bilen özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyz bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.
7-nji awgustda Daşary işler ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işleri ynanylan wekili Kristin Hokins bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, hususan-da, bilim we sport gatnaşyklaryny ösdürmek, bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary amala aşyrmak meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Geçen aýda Daşary işler ministrliginde birnäçe döwletleriň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekilleri — Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri, Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli, şeýle-de ýurdumyzda diplomatik wezipelerini tamamlan Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok hem-de Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merlen bilen geçirilen duşuşyklarda döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýeti tassyklanyldy. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde syýasy-diplomatik dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge we umuman, özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherinde täze bellenilen Baş konsuly Seýed Mostafa Hosseýnipur bilen duşuşyk geçirildi. Ol konsullyk patentini gowşurdy. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylygy tarapyndan EYR-nyň Baş konsullygynyň täze ýolbaşçysyna konsullyk ekzekwaturasy gowşuryldy. Duşuşygyň barşynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri, dostlukly we hoşniýetli goňşuçylykly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güni giňden bellenilip geçilýär. Bu waka mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, halkara hem-de sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji we 80-nji sessiýalarynda Hazaryň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, onuň bioköpdürlüligini gorap saklamaga, bu ugurda öňde duran wezipeleri toplumlaýyn çözmek maksady bilen tagallalary utgaşdyrmaga degişli öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
12-nji awgustda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Uilýam Lif hem-de Halkara Migrasiýa Guramasynyň Gazagystandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, HMG-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen geçiren duşuşyklarynda daşky gurşawy gorap saklamak, şol sanda Hazar deňzi hem-de sebitde durnukly ösüşiň ekologiýa ugry bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň barşynda ýola goýlan gatnaşyklaryň tejribesinden, häzirki zaman ýagdaýlaryndan we geljekki meýillerden ugur alnyp, Türkmenistanyň bu halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
15-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň we Bangladeş Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen ilkinji syýasy geňeşmelerde döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bangladeş tarapyndan wekiliýete dostlukly ýurduň Hökümetiniň Daşary işler ministrliginiň Gündogar we Günbatar ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça sekretary, ilçi Nazrul Yslam ýolbaşçylyk etdi. Şol gün Daşary işler ministrliginde Bangladeş Halk Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşykda hökümetara we edaralaryň derejelerinde yzygiderli ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklamagyň, halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Şeýle-de syýasy geňeşmeleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.
20-nji awgustda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen syýasy geňeşmeleriň çäklerinde ikitaraplaýyn gün tertibiniň ugurlarynyň giň toplumy boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň gurallaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi. Şunda ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen 30-dan gowrak Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş eden Täjigistan bilen BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi nygtaldy. Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna, birnäçe pudaklar boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki hökümetara toparynyň we Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň işiniň möhüm ähmiýeti bellenildi. Mundan başga-da, däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns çekildi. Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.
Geçen aýda ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde geçirilen «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara media forumyna gatnaşdy. Plenar mejlisleriň dowamynda häzirki zaman media ulgamyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we bu ugurda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, taryhy-dokumental mazmuny döretmek, taryhy maglumatlary ylmy taýdan öwrenmek, neşirýat işi hem-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taryhy hakydany gorap saklamak, medeni mirasy giňden wagyz etmek we olar baradaky maglumatlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de sanly platformalaryň üsti bilen häzirki zaman jemgyýetçiligine ýetirmek meselelerine hem aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň halkara media forumyna gatnaşmagy ýurdumyzyň medeni-ynsanperwer we maglumat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, hünär gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
26-njy awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen gepleşikleriň dowamynda gazhimiýa senagaty, ulag, sirkulýar ykdysadyýet we beýleki ugurlar boýunça taslamalaryň häzirki ýagdaýyna we geljegine garaldy. Komitetleriň bilelikdäki mejlisiniň gün tertibiniň we maksatnamasynyň esasy ugurlary, şeýle-de onuň netijeleri boýunça gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalaryň taýýarlyk meseleleri boýunça ylalaşyklar gazanyldy.
30-njy awgustda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň arasynda geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşiklerde Türkmenistana sapar bilen gelen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimitsu Motegi dostlukly döwletiň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplaryň Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigi bellenildi we halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde özara tagallalary utgaşdyrmagyň netijeliligi tassyklanyldy. Şunuň bilen birlikde, «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetine üns çekildi. Ýaponiýa tarapyndan Türkmenistanyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «ITOCHU Corporation», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» ýaly ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda senagat toplumlarynyň gurluşygyna üstünlikli gatnaşandygy kanagatlanma bilen bellenildi.
Tokioda şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisine taýýarlyk meseleleri hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, hususan-da, bilim ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy. Gepleşikler tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027 — 2029-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.
27-nji awgustda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtleriň arasynda geçirilen duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomat ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň BMG-niň, ÝB-niň we “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň, şeýle hem köpýyllyk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şunda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň alyp barýan işine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem ynsanperwer ulgamda, hususan-da, saglygy goraýyş, medeniýet we bilim ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
28-nji awgustda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda diplomatik wezipesini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen geçirilen duşuşykda bu gurama bilen dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berildi. Hukuk, ekologiýa, sanlylaşdyrmak, ulag we hususy pudak ýaly ugurlardaky bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň netijeli häsiýeti, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gurallary bilen bir hatarda, «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» formatyndaky dialogyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde ilçiniň goşan uly goşandy bellenildi.
Ekologiýa ulgamy Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň aýrylmaz bölegidir. Ýurdumyz bu babatda halkara we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. 31-nji awgustda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Bütindünýä tebigaty goramak gaznasynyň arasynda Daşky gurşawy goramak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi munuň şeýledigini aýdyň görkezdi. Resminama bioköpdürlüligi goramak, tebigy ekoulgamlary, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň seýrek duş gelýän görnüşlerini gorap saklamak, ylmy bilimleri we öňdebaryjy tejribeleri alyşmagy giňeltmek, ekologiýa medeniýetini ösdürmek, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň netijelerine durnuklylygy ýokarlandyrmak ulgamlarynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Resminamanyň çäklerinde 2026 — 2030-njy ýyllar üçin bilelikdäki taslamalaryň we çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Tebigaty goramak ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetüsti hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak wajyp ugur hökmünde kesgitlenildi. Bu möhüm Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ugurdaky gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmeginde, şeýle hem sebitde ekologiýa diplomatiýasynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ädim bolar.
Şeýlelikde, geçen aýyň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilen oňyn Bitaraplyk, «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty aýdyň beýanyny tapýar.