Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistan — Tatarystan: Russiýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi nazarlap
Syýasat habarlary
Türkmenistan — Tatarystan: Russiýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi nazarlap
Çap edildi 19.05.2022
441

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Kazan şäheriniň Halkara howa menziline gelende, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Howa menzilinden Gahryman Arkadagymyz sammitiň geçirilýän ýeri bolan “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezine ugrady. Soňky ýyllarda bu wekilçilikli forum Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň, özara bähbitli gatnaşyklaryň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň açyk halkara meýdançasyna öwrüldi.

Forumyň çäklerinde “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezinde giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Elektrik çekiş güýjünde işleýän döwrebap awtobuslaryň nusgalary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ünsüni çekdi. Gahryman Arkadagymyz görkezilen nusgalar bilen tanşyp, ekologik taýdan arassa bu awtobuslary ýurdumyz üçin satyn almaga gyzyklanma bildirdi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen duşuşygy boldy. Şeýle hem duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Tatarystanyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew, Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hakyky dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça üstünlikli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan açyk we netijeli gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şertidir.

Şu ýyl şanly sene — Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň arasynda netijeli syýasy gatnaşyklar amala aşyrylýar, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça köptaraply hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Aşgabatda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu forum kanun çykaryjy edaralaryň hyzmatdaşlygynyň täze, netijeli guralyny döretmegiň ýolunda möhüm wakalaryň biri boldy. Onuň işine Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti işjeň gatnaşdy. Munuň özi döwrüň synagyndan geçen türkmen-rus gatnaşyklarynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygy bellenildi. Türkmen-rus hyzmatdaşlygy nebitgaz we gazhimiýa ulgamlarynda, awtomobil senagatynda, gämi gurluşygynda, söwdada we beýleki pudaklarda üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen birlikde, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, bar bolan uly kuwwatdan has doly peýdalanmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem russiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda amala aşyrylýan geljegi uly taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçiligine garaldy.

Şunda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň — Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan we Swerdlowsk oblastlarynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň, Russiýanyň beýleki sebitleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda iki dostlukly ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şol hyzmatdaşlyk uzak möhletli özara bähbitlere hem-de döwletara gatnaşyklaryň strategiýasyna laýyk gelýär.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitiniň plenar mejlisine gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowa Wolga Bulgariýasynyň yslamy kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Arkadagymyz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, “Russiýa — yslam dünýäsi” halkara ykdysady sammitiniň Kazanda geçirilmeginiň Russiýa bilen yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmakda Tatarystana aýratyn ornuň degişlidigine aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. Däp bolşy ýaly, Tatarystan ykdysady, söwda, maýa goýum, ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen köp sanly taslamalaryň we teklipleriň başyny başlap, olary işjeň durmuşa geçirýär.

Häzirki wagtda şeýle wezipe örän zerurdyr. Ol özara gatnaşyklaryň binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etmelidir. Şol binýatda asyrlaryň dowamynda Russiýa — yslam dünýäsi gatnaşyklarynyň medeniýeti döredildi we baýlaşdyryldy, köpmilletli Russiýanyň hem-de musulman ýurtlarynyň halklarynyň dünýägaraýşy hem-de ruhy ýakynlygy kemala geldi. Tatarystanyň bu asylly goşandy türkmen-rus döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde has aýdyň ýüze çykýar diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Taryhy gatnaşyklar bilen baglylykda, Tatarystan Respublikasy Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygynda aýratyn orny eýeleýär. Biziň gatnaşyklarymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barşyna we häsiýetine oňyn täsir edýär, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar, döwletara gatnaşyklaryň tutuş toplumyny has pugtalandyrýar we durnuklylaşdyrýar, uzak möhletli başlangyçlara laýyk gelýär.

Soňky döwürde hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýan türkmen-tatar gatnaşyklaryna goşmaça kuwwatly itergi berildi. Ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Tatarystanyň “KamAZ”, “Tatneft”, “KER-holding”, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod”, “Ak Bars” gämigurluşyk korporasiýasy ýaly iri kompaniýalaryň Türkmenistandaky işi aýratyn bellenildi. Olar özlerini ýurdumyzda iň oňat tarapdan görkezdiler. Türkmenistan olar bilen mundan beýläk-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Howa we gämigurluşyk ulgamlarynda, beýleki birnäçe ugurlarda-da hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň, ilkinji nobatda, senagatyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, täze pudaklaryň döredilmegini, ýokary hilli we eksport ugurly önümleriň köp görnüşleriniň öndürilmegini göz öňünde tutýandygy bellenildi. Bu babatda maşyngurluşyk, nebit çykarmak we nebiti gaýtadan işlemek ulgamlarynda, nebithimiýa senagatynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Şol ulgamlarda Türkmenistan we Tatarystan uly kuwwata eýedir.

Oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda hem üstünlikli gatnaşyklar üçin amatly şertler bar. Şunda ýokary tehnologiýalar we ylym bilen baglanyşykly önümçilikler ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Munuň özi häzirki wagtda Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurdyr. Biz bu babatda bar bolan uly ylmy we ylmy-önümçilik kuwwaty nazara alyp, tatarystanly hyzmatdaşlarymyz bilen hereketlerimizi işjeňleşdirmek isleýäris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bilim ulgamy, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça özara gatnaşyklar şunuň bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistan indi köp ýyllaryň dowamynda öz ýaşlaryny Tatarystan Respublikasyna okuwa iberýär. Häzirki wagtda Tatarystanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň 5 müňe golaýy bilim alýar. Biziň ýurdumyz Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerine iberilýän talyplaryň sanyny ýylsaýyn artdyrmagy, işgärleri taýýarlamagyň ugurlaryny yzygiderli giňeltmegi, ýokary tehnologiýalar ulgamynda hünärmenleri taýýarlamaga üns bermegi göz öňünde tutýar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Taryh ylmy, iki doganlyk halkyň baý taryhy-medeni mirasyny gaýtadan dikeltmek ulgamynda türkmen-tatar gatnaşyklary okgunly ösüşe eýe bolýar. Bilelikdäki arheologik we etnografik barlaglar amala aşyrylýar, bilelikdäki neşirler çap edilýär. Alymlar, döredijilik toparlary Türkmenistanda we Tatarystanda geçirilýän halkara ähmiýetli ylmy we medeni çärelere gatnaşýarlar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Tatarystan bilen mundan beýläk-de işjeň gatnaşyk etmegi, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi göz öňünde tutýandygyny tassyklap, munuň taraplaryň uzak möhletli bähbitlerine, ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň strategiýasynyň ýörelgelerine laýyk gelýändigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şu gün bu ýerde — Tatarystanyň paýtagtynda biz Russiýanyň we yslam ýurtlarynyň halklarynyň arasyndaky taryhy gatnaşyklary dikeltmek hem-de doly derejede ösdürmek, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek we pugtalandyrmak boýunça ýene-de bir möhüm ädim ädýäris. Türkmenistan bu işe hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge, onuň täze ugurlaryny gözlemäge goşandyny goşmaga taýýardyr.

Şu ýolda biziň halklarymyzyň ykbaly hemişe berk baglanyşykly bolupdyr, Türkmenistan öz geljegini Russiýa Federasiýasy hem-de yslam dünýäsiniň döwletleri bilen dostlukda, hyzmatdaşlykda we özara düşünişmekde görýär diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda aýtdy we Russiýanyň köpmilletli halkyna döredijilikli zähmetde uly üstünlik, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Hormatly Arkadagymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Günüň ikinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tatarystanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen onuň Kazana nobatdaky saparynyň çäklerinde duşuşmak mümkinçiligine örän şatdygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Tatarystanyň parlamentleriniň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklaryna mahsus bolan özara düşünişmegiň ýokary derejesi nygtaldy. Munuň özi taraplaryň köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň täze, netijeli guralyny döretmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde golaýda Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklar meseleleriniň parlamentarileriň hemişe üns merkezinde bolmalydygyny nazara almak bilen, öz tarapyndan bu ugurda umumy tagallalary utgaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksada laýykdygy bellenildi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň deputatlaryny Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara ynanyşmak ýagdaýyndaky türkmen-tatar gatnaşyklarynyň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Kazan Kremlinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşygy boldy.

Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşmak mümkinçiligine örän şatdygyny belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Wolga Bulgariýasynyň yslamy kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere hem-de “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy uly hormatyň nyşany hem-de türkmen we tatar halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Tatarystanyň umumymilli dabaralara, iri halkara çärelere bilelikde gatnaşmagynyň asylly däbe öwrülendigi hem-de ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mintimer Şaýmiýewiň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bolan döwründe uzak ýyllaryň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge saldamly goşant goşandygyny aýratyn nygtady. Munuň özi türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Oňa mahsus durmuş parasatlylygy we syýasy öňdengörüjilik ählumumy ykrarnama eýe boldy. Häzirki wagtda Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi bolmak bilen, Mintimer Şaýmiýew eziz Watanyna tutanýerli hyzmat etmegini ýadawsyz dowam etdirýär.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky gatnaşyklar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda uzak möhletli, netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Duşuşygyň barşynda Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak boýunça “Wozroždeniýe” respublikan gaznasynyň işi baradaky ekspozisiýa bilen tanyşdyrdy, gaznanyň ozalky durmuşa geçiren we täze taslamalary barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi dostluk däplerine esaslanýan medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynyň mundan beýläk-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam berjekdigine, geljekki hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasy bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki doganlyk halka iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Kabulhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Tatarystanyň ýokary döwlet sylagyny gowşurmak dabarasy boldy.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow mähirli garşylady. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Tatarystanyň Baştutany dostlarça salamlaşyp, Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýörite bellenen ýere geçip durýarlar.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany dabaraly ýagdaýda okalýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýokary döwlet sylagyna Tatarystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky aýratyn hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» atly ordeni gowşuryp, şu mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz minnetdarlyk sözi bilen çykyş edip, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň bu ýokary döwlet sylagyny kabul etmegiň özi üçin uly hormatdygyny, ony doganlyk Tatarystanyň biziň ýurdumyza we türkmen halkyna uly hormatynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ençemesi boýunça köpugurly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen häsiýetlenýändigini kanagatlanma bilen belledi. Biziň ýurdumyz ähli pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge taýýardyr.

Tatarystan Respublikasy bilen bizi köpasyrlyk taryhy gatnaşyklar, medeniýetiň, diliň, däp-dessurlaryň umumylygy hem-de ahlak gymmatlyklarynyň ýakynlygy baglanyşdyrýar. Hut şoňa görä-de, Türkmenistanda Tatarystanyň zähmetsöýer we parasatly halkyna uly hormat bilen garaýarlar. Biz dost-doganlygyň şu berk binýadynda hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdüreris diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rustam Minnihanowa we ähli tatarystanly dostlarymyza Tatarystan Respublikasynyň şu ýokary döwlet sylagynyň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Tatarystanyň Baştutanyna we halkyna bagt, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi.

Tatarystanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden mübärekläp, şu dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Kazana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyny we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtap, şunda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly hyzmatyny belledi hem-de doganlyk Tatarystanyň Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin Prezident Rustam Minnihanowa minnetdarlyk bildirip, onuň bilen dostlukly Tatarystanda duşuşmak mümkinçiligine örän şatdygyny belledi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Wolga Bulgariýasynyň yslamy kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere, “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine hem-de “Russiýa — yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň her ýylky mejlisiniň hormatly myhmany hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Kazanda Russiýa Federasiýasynyň yslam dünýäsiniň ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen şeýle möhüm halkara çäreleriň geçirilmegi Tatarystanyň belent abraýynyň hem-de oňa dünýä bileleşiginiň uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol bir wagtyň özünde bu çäreler COVID-19-dan soňky döwürde ýurtlaryň arasynda işewür hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ýollaryny gözlemek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eder. Şol döwürde dünýä bileleşigi ykdysady we durmuş taýdan dikeltmegi çaltlandyrmak babatda tagallalaryny birleşdirýär diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Şundan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu saparynyň hem-de dürli meýdançalardaky geljekki duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge saldamly goşant goşjakdygyna pugta ynam bildirdi. Munuň özi Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklaryny köpasyrlyk taryhy gatnaşyklar, medeniýetiň, diliň, däp-dessurlaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Türkmen we tatar halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen gatnaşyklar özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň täsin görnüşini döretdi. Häzirki wagtda munuň özi Türkmenistana we Tatarystan Respublikasyna dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge hem-de geljek üçin meýilnamalaryny ynamly düzmäge mümkinçilik berýär. Soňky döwürde ýangyç-energetika, ulag ulgamynda, oba hojalygynda ep-esli öňegidişlikler gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen bazarynda iri kompaniýalaryň üstünlikli hereket edýändigini we işleýändigini belledi. Şolaryň hatarynda “KamAZ” we “Tatneft” aýratyn orun eýeleýär. Köp ýyllardan bäri olar ýurdumyzyň çäginde ýokary hilli hyzmatlary hödürleýärler.

Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, medeniýet we sungat ugurly hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Mundan başga-da, parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak hyzmatdaşlygy ilerletmekde wajyp ädim bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda köpugurly mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi we ileri tutulýan ugurlary barada özara pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga meýillidigini ýene-de bir gezek tassyklap, birek-birege hem-de iki doganlyk halka iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Gahryman Arkadagymyz gulluk iş saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady.

Soňky habarlar
05.07
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
05.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
05.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyny gutlady
05.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
05.07
Türkmenistan parahatçylykly, hoşniýetli we döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýär