Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 19.05.2022
1602

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Siziň Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti wezipesine saýlanylmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Bu wezipä saýlanylmagyňyz Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň agzalarynyň Siziň sport gymmatlyklaryny we Olimpiýa hereketini ilerletmäge ygrarlydygyňyzyň nyşany hökmünde bildiren ynamynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynda üstünlik gazanýarlar. «Tokio — 2020» Olimpiýa oýunlarynda gazanylan kümüş medal hem muňa şaýatlyk edýär. Siziň Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň halkara abraýyny has-da artdyrmaga uly goşant goşjakdygyňyza hem-de taslamalary üstünlikli durmuşa geçirjekdigiňize ynanýaryn.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Siziň Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine saýlanylmagyňyzyň bu hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrjakdygyna, Türkmenistanda sportuň durnukly ösdürilmegine we Olimpiýa hereketiniň ilerledilmegine saldamly goşant goşjakdygyna ynanýaryn.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Raja Randhir Singh,
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine saýlanylmagyňyz bilen gutlaýaryn. Size Türkmenistanda sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmekde mundan beýläk-de üstünlikleri hem-de ähli türkmen türgenlerine şowly çykyşlary arzuw edýärin.

Biziň dostlukly ýurtlarymyzyň milli Olimpiýa komitetleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynanýaryn. Tutuş Olimpiýa maşgalasy üçin şu ýeňil bolmadyk döwürde biz sportuň birleşdiriji güýjüni, hakyky dostlugy we birek-birege hormaty saklap galmalydyrys.

Hormatlamak bilen,

Stanislaw Pozdnýakow,
Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Ýaponiýanyň Olimpiýa komitetiniň adyndan Siziň Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine saýlanylmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine hem-de Olimpiýa hereketiniň çäklerinde sport tejribesini alyşmak we gatnaşyklar arkaly goldawa umyt bildirýärin.

Ýamaşita Ýasuhiro,
Ýaponiýanyň Olimpiýa komitetiniň Prezidenti, Halkara Olimpiýa Komitetiniň agzasy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Federasiýanyň adyndan Sizi Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti wezipesine saýlanylmagyňyz bilen gutlaýaryn. Geljekde biziň netijeli hyzmatdaşlygymyzyň dowam etdirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Ronni M.Wong,
Gonkongyň (Hytaý) Sport federasiýasynyň we Olimpiýa komitetiniň Baş sekretary.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Halkara sambo federasiýasynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti wezipesine saýlanylmagyňyz bilen gutlaýaryn. Bu ýokary wezipä saýlanylmagyňyzyň Türkmenistanyň sport jemgyýetçiliginiň ynamynyň we goldawynyň subutnamasy bolup durýandygyna ynanýaryn.

Türkmenistanda sambony ösdürmäge berýän goldawyňyz hem-de Olimpiýa hereketini ilerletmäge goşandyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Siziň baştutanlygyňyzda netijeli hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirjekdigimize tüýs ýürekden ynanýaryn.

Size berk jan saglyk we uly üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wasiliý Şestakow,
Halkara sambo federasiýasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow