Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentine Gazagystanyň Prezidenti hat iberdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentine Gazagystanyň Prezidenti hat iberdi
Çap edildi 20.05.2022
2191

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hat iberdi. Ol şu ýyl Gazagystanyň we Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini nygtady.

“Biziň doganlyk döwletlerimiz geçen onýyllyklaryň dowamynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-biregi goldamak gatnaşyklaryna daýanyp, köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Bu gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň derejesine doly laýyk gelýär. Biz döwletara gatnaşyklaryň ýylýazgysynda täze sahypany açyp, gazak-türkmen hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Energetika, logistika, senagat ulgamlarynda hem-de oba hojalygynda bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berip biler” diýlip, gazak Lideriniň hatynda aýdylýar.

Gazagystanyň Prezidenti geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana bolan döwlet saparynyň barşynda gaz pudagynda geljegi uly taslamalary amala aşyrmak hem-de türkmen-owgan serhedinde galla terminalyny gurmak barada anyk ylalaşygyň gazanylandygyny nygtap, ýokarda agzalan taslamalaryň üstünde içgin işlemek maksady bilen, Aşgabada Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýaryň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini ugradandygyny belledi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bu ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine hem-de häzirki döwürde gazak-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesini tassyklajakdygyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa doganlyk türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow