Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra Niderlandlaryň milli baýramy — Patyşanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün eziz Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerimde bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandyryldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda dabaralar tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy boldy.
Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda behişdi bedewlerimiziň şanyna giňden hem-de uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary boldy.