Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Çap edildi 12.08.2022
1250

Şu gün Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de käbir meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2022-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Ýedi aýyň jemleri boýunça toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeler gazanyldy. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy 10,4 göterim ýokarlandy. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady strategiýanyň durmuşa geçirilmegi esasynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 39 göterim ýokarlandy.

Ýedi aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 103,6 göterim we çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 81,5 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklary, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 13,4 milliard manada deň boldy. Ýylyň başyndan bäri Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady, maliýe-bank toplumynyň ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy ulgamlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamlarda sanly tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça ýokary netijeleri gazanmagyň zerurdygy nygtaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ministrlik tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini we beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça maksadalaýyk işler amala aşyryldy. Sebit we halkara derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, ýokary derejedäki saparlara, gepleşiklere we duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, aprel aýynda Türkmenistana Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň iş saparynyň bolandygy bellenildi. Hasabat döwründe döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasyna we Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparlary, Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy.

29-njy iýunda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde altynjy Hazar sammitiniň geçirilmegi möhüm waka boldy.

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi. Şeýle hem şu ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanandygy bellenildi. Munuň özi ata Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler hem yzygiderli geçirilýär. Hasabat döwründe daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, şol sanda bilelikdäki hökümetara toparlaryň hem-de beýleki degişli düzümleriň çäklerinde özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.

Şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri 15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça çagyrylýan forumyň maksatnamasy barada habar berdi. Maslahata 39 ýurda hem-de 34 halkara gurama wekilçilik edýän wekiller gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, nebiti we gaz kondensatyny çykarmagyň meýilnamasy, şol sanda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan 100,7 göterim berjaý edildi. Nebit we gaz kondensaty bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 111,2 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,2 göterim, benziniň dürli görnüşini öndürmegiň meýilnamasy 117,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 112,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 125,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 115,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 115 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 113,6 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy bolsa 123,6 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toplumyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynyň işine täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow şu ýylyň ýedi aýynda gurluşyk-senagat we elektrik energetikasy toplumlary, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe gurluşyk-senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 152,5 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 114,7 göterim amal edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyny 167,7 göterim ýerine ýetirdi. Energetika ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 128,4 göterim berjaý edildi.

Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 112,8 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň ösüş depgini bolsa 141,3 göterime barabar boldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan hasabat döwründe önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 181,1 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,9 göterim amal edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 120,3 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän toplumynyň düzümleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmek, olaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak meseleleriniň gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,1 göterime barabar boldy. Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,1 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça bolsa 103,3 göterime deň boldy. Ähli pudaklaýyn düzümler tarapyndan maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 161,4 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Güýzlük bugdaý ekişine hem-de öňümizdäki pagta ýygym möwsümine toplumlaýyn taýýarlyk görülýär. Ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere oba hojalyk kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagy üpjün etmek işlerini dowam etdirmegi, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bol hasyl almagyň girewi bolan öňümizdäki oba hojalyk möwsümlerine içgin taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, obasenagat toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalary, suw tygşytlaýjy usullary giňden ornaşdyrmak boýunça degişli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,5 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüş depgini 107,9 göterim ýerine ýetirildi. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň öndürilişi 134,3 göterime, nah matalar 129,8 göterime, tikin we trikotaž önümleri 114,7 göterime, gön önümleri 107,7 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 119,9 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 172 birža söwdasy geçirilip, 21 müň 92 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 113,6 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe sergileriň 11-si hem-de maslahatlaryň 33-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 167,9 göterime hem-de senagat önümleriniň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli düzümlerde täze önümçilikleri döretmegiň, olaryň kuwwatyny artdyrmagyň, hususy telekeçiligiň işini höweslendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 112,7 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 111,2 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 109,2 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 111,2 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 133,5 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 120 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 113,7 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 107,5 göterime barabar boldy.

Şeýle-de agentligiň ýolbaşçysy halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ol maslahata görülýän taýýarlyk barada habar berip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Ýolagçy parom terminalynda BMG-niň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de ulag we kommunikasiýalar toplumynyň düzüm birlikleri, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy, «Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy» hojalyk jemgyýeti, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Türkmen logistika» assosiasiýasy jemgyýetçilik birleşiginiň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we beýlekiler ulag ulgamynda ýerine ýetirilen işleri we ýetilen sepgitleri, ulag düzümleriniň kuwwatlyklary, alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk, ulag ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalary bilen tanyşdyrarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulgamyň ähli düzümleriniň işini talabalaýyk alyp barmagyň, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda hem-de howa menzilinde we maslahatyň geçýän ýerinde foruma bagyşlanan sergileri ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe talyp we okuwçy ýaşlar halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, medallary gazandylar. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara internet olimpiadalary, şeýle-de “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”, “Ýylyň terbiýeçisi — 2022”, “Ýylyň mugallymy — 2022”, “Talyp gözeli — 2022” bäsleşikleri geçirildi.

Bilim işgärleri hünär derejesini ýokarlandyrdylar. Tomusky dynç alyş möwsüminiň üç tapgyrynda 15 müň 70 çaga dynç aldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary dowam edýär.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler dowam etdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, buýan köküni gaýtadan işleýän kärhananyň gurluşygyna girişildi.

Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly, Daşoguz şäherindäki köpugurly we onkologiýa hassahanalary dabaraly açyldy.

Hasabat döwründe türgenlerimiz dürli halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, jemi 87 medal gazandylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlarynda amala aşyrylýan işleriň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi we toplumyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýylyň şygary hem-de milli baýramlar, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli dürli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi. Birnäçe döredijilik bäsleşikleri yglan edildi.

Hasabat döwründe teatrlara “Milli” ýa-da “Akademiki” hukuk derejesini bermegiň tertibi, muzeýlere “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri, şeýle-de Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi we şu güne çenli onuň iki mejlisi geçirildi.

Hasabat döwründe Medeniýet ministrligi tarapyndan “Türkmen keşdeçilik sungaty” hem-de “Türkmenistanyň gadymyýeti: ylmy barlaglar we ýadygärlikleriň rejelenilişi” atly kitaplar taýýarlanylyp, türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edildi.

Köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizmek boýunça işler alnyp baryldy.

Aşgabatda teatr festiwaly, Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralary guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýylyň başyndan bäri milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barlan işler barada maglumat berdi.

Ilki bilen, mejlisiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize ýakynda Esenguly etrabynda “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylmagy mynasybetli etrabyň bagtyýar çagalarynyň we tutuş ilatynyň hoşallyk sözlerini ýetirdi. Munuň özi Türkmenistanyň bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmündäki derejesiniň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle-de kabul edilýän kanunçylyk namalaryny, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny düşündirmek, milli däpleri hem-de halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny wagyz etmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işler alnyp barylýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üç mejlisi geçirildi. Olaryň barşynda birnäçe Kanunlar ara alnyp maslahatlaşyldy we makullanyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolup, dürli pudaklaryň işgärleri, daýhanlar, ýaşlar bilen duşuşyp, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri, şol sanda zähmet çekmek, okamak, sazlaşykly ösmek üçin döredilýän mümkinçilikler bilen gyzyklanýar hem-de kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça täze wezipeleri kesgitleýär.

Geçirilen halkara çäreleriň hatarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, kämilleşdirilýän kadalaşdyryjy hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň örän wajypdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri Hazar deňziniň güni bilen gutlady we bu sene mynasybetli guralýan çäreleriň Hazaryň parahatçylygyň we dostlugyň deňzi hökmündäki derejesini pugtalandyrýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzi boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 15-16-njy awgustynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Hazaryň kenarynda geçiriljek maslahatynyň ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösdürmekdäki, Türkmenistanyň halkara forumlaryň geçirilýän merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrmakdaky ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşi barada aýdyp, şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,1 göterim derejesinde bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň önümçilik pudaklarynyň işini döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda alyp barmak, olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň senagat toplumynyň, oba hojalygynyň, energetika ulgamlarynyň, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik düzümleriniň işiniň depginini ýokarlandyrmak, gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini, telekeçilik ulgamyny ösdürmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar syýasaty ugurlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu ulgamlarda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady. Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 1-nji sentýabrda geçiriljek VII gurultaýynyň ýokary derejesini üpjün etmegiň wajypdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasynyň talabalaýyk taýýarlanylmagynyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň şatlykly pursatlara, ýatda galyjy wakalara beslenmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz sentýabr aýynyň ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalara baýdygyny belläp, baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çärelere, aýratyn-da, 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Döwlet maslahatyna häzirden gowy taýýarlyk görülmelidigini belledi. Maslahatda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine serederis, şoňa görä-de, bu maslahaty ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan göçme mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow