Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Syýasat habarlary
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Çap edildi 13.08.2022
611

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy, ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşleri, bu ýerde guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdy hem-de ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ir bilen Halk Maslahatynyň Başlygy täze, häzirki zaman şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde hormatly Arkadagymyzy Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşylap, gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Hormatly Arkadagymyzyň garamagyna eýýäm gurulýan we gurluşygy meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, gurluşykda milli binagärlik ýörelgeleri bilen ösen tejribe utgaşdyrylýar.

Gahryman Arkadagymyz ýollaryň hem-de meýdançalaryň gyralaryna oturdylmagy meýilleşdirilýän germewleriň, ýerasty awtomobil geçelgesiniň bezeginde ulanylýan şekilleriň görnüşleri, 350 orunlyk çagalar bagynda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän dürli haýwanlaryň hem-de çagalaryň söýgüli ertekileriniň gahrymanlarynyň heýkel şekilleri bilen tanyşdy.

Hormatly Arkadagymyz görkezilen nusgalary synlap, olaryň her biriniň özboluşly aýratynlyklarynyň bolmalydygyny hem-de bu şekilleriň çagalarda ýakymly duýgulary oýarmalydygyny belledi we şekilleri hem-de heýkeljikleri taýýarlamak işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkezde gurluşygy alnyp barylýan we bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklary hem-de durmuş maksatly binalarda oturdylmagy meýilleşdirilýän enjamlar, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hormatly Arkadagymyza taýýarlanylan taslamalar, täze şäheriň desgalarynyň aýratynlyklary hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Bu ýerde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde gurulmagy teklip edilýän muzeýiň, teatryň zalynyň içki görnüşleriniň, şeýle hem Ahal welaýat Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine degişli 100 we 150 orunlyk çagalar baglarynda ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň görnüşleri, binalaryň bezegine degişli serişdeler görkezildi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheri ýagtylandyrjak ýol yşyklarynyň görnüşleri, 350 orunlyk köpugurly hassahananyň içki we daşky bezeg aýratynlyklary, onuň otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy, şeýle hem “Tiz kömek” merkeziniň, Ahal welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hem-de 150 orunlyk onkologiýa merkeziniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Soňra hormatly Arkadagymyza guruljak metjidiň bezeg işlerinde ulanyljak dürli görnüşli örtük daşlarynyň görnüşleri görkezildi hem-de olarda yşyk we Gün şöhlesi düşende emele gelýän öwüşginler barada maglumat berildi. Munuň özi degişli binalaryň bezeg işlerinde häzirki zaman serişdeleriniň ulanylýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen şekil taslamalaryny synlap, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga tabşyrylmagynyň zerurdygyny nygtady hem-de bu işlere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Döredijilikli zähmet çekmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, binalaryň içki bezegine aýratyn üns berilmelidir. Munuň özi taslama taýýarlaýjylara hem-de gurluşykçylara bildirilýän üýtgewsiz talapdyr diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we bu ýörelgäni netijeli dowam etmelidigine ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze binagärlik çözgüdiniň aýdyň netijesi bolan täze şäheriň kemala gelmegi ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň we durmuşymyzyň her bir pursadynyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüler.

Hormatly Arkadagymyz milli gurluşyk senagatynyň häzirki zaman tejribelerini özünde jemleýän şäheriň gurulmagynyň möhümdigi barada aýdyp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň taryhy ähmiýete eýedigini belledi. Şunda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli we häzirki zamanyň ekologiýa talaplaryna laýyk gelmegi wajypdyr. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän täze şäherde amatly howa gurşawynyň saklanylmagy häzirki günüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalary, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralaryň enjamlaşdyrylmagy, olaryň üpjünçilik derejesi boýunça beýan edilen teklipleri degişli hünärmenler bilen ara alyp maslahatlaşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Hormatly Arkadagymyz gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda şäheriň desgalarynyň gurluşygynyň ýokary hil derejesini hem-de olaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň alyp barýan işleri, olaryň häzirki zaman tejribesinden we täzeçil usullardan peýdalanylyşy barada giňişleýin hasabat berildi.

Gahryman Arkadagymyz desgalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyny belledi. Şunda täze merkeziň ekologiýa abadançylygyna uly ähmiýet berilmelidir. Bildirilýän talaplar berk berjaý edilmelidir, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna aýratyn üns berilmelidir.

Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu baradaky gürrüňi dowam edip, merkezde “akylly şäher” konsepsiýasyndan ugur alynmalydygyna ünsi çekdi. Bu konsepsiýanyň esasy ugry bolsa bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagyndan we ýokary ekologiýa derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Merkeziň çäklerinde ýerine ýetirilýän ähli işlerde şu ýörelgelerden ugur alynmagy esasy talap bolup durýar.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň inženerçilik desgalarynyň aýratynlyklary barada aýdyp, şunda hemişe bolşy ýaly, ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, işleriň bellenilen tertibe laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, şeýle hem ekologiýa talaplarynyň göz öňünde tutulmagynyň baş talapdygyny ýatlatdy.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow merkezde alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklaýandygy we döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny tamamlap, merkeziň çäginde dowam edýän gurluşyk işlerini synlady. Hormatly Arkadagymyz ýolugruna ýerasty awtomobil geçelgesiniň gurulýan ýerinde saklandy. Gahryman Arkadagymyz alnyp barylýan işler bilen tanşyp, gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň berkdigine, olaryň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Munuň özi ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň uzak möhletleýinligini üpjün eder. Şol bir wagtyň özünde desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Soňra hormatly Arkadagymyz ýoluny dowam edip, Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň A.Annaýew obasyna barylýan Akhan şaýolunyň çatrygynda ady rowaýata öwrülen meşhur Akhan binasynyň gurluşygyna tarap ugrady.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan işleri synlap, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň bu künjegiň howa şertlerine laýyk gelmelidigini, onuň gurluşygynyň häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda ýerine ýetirilmelidigini belledi. Onuň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine eýe bolmagy türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen Akhan atly bedewe goýýan sarpasynyň aýdyň nyşany bolar. Şol bir wagtyň özünde ýadygärligiň töwereginde ugurdaş şekilleriň döredilmegine, onuň ýanaşyk ýerleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işleriň baş maksadynyň halkymyz üçin amatly zähmet, ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmekden ybaratdygyny nygtady. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Möçberi we mazmuny boýunça ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine merkezde işleýänleriň mynasyp goşandynyň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow