01.05
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da kämilleşdirmek, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri we şertleri döretmek, ilatymyzyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzyň öndüriji güýçlerini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy, şeýle hem şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
30.04
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýramberdi Nurmuhammedowiç Annaýew başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
23.04
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, kämil terbiýeli nesli kemala getirmek hem-de “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
22.04
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanow Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
17.04
2015
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, milli ykdysadyýetimizde kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aragatnaşyk ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
16.04
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýagmyr Kakageldiýewiç Gulmämmedow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
09.04
2015
1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi.
03.04
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Batyr Şyblangulyýewiç Alymow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine bellenildi.
02.04
2015
“Awtomobil ýollary we ýol işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň düzülmeginiň we ýöredilmeginiň Düzgünleri, şeýle hem Awtomobil ýollaryna kybaplaşdyryş san belgileriniň berilmeginiň Düzgünleri tassyklanyldy.
01.04
2015
1-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyny döretmeli.
2-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyny we onuň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).