Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 4-nji Noýabr
Resmi
Resmi habarlar 4-nji Noýabr
Çap edildi 04.11.2016
2374

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary has-da ösdürmek, ylmyň gazananlaryny, innowasion tilsimatlary önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysady pudaklara maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudak edaralary 2017-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary we festiwallary ýokary derejede guramagy we geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi. 2017-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy. Ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine sergilere, ýarmarkalara, maslahatlara we festiwallara taýýarlyk görmekde we olary geçirmekde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna hem-de degişli ministrliklere we pudak edaralaryna ýardam bermek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Begjanow Täçdurdy Halymowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa duýduryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Alymow Batyr Şyblangulyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa duýduryldy.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
top-arrow