Resmi
22.05 2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, olary talaba laýyk saklamak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň her birinde gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümlerini saklamaga niýetlenen bir sany döwrebap sowadyjy ammaryň taslamasyny düzmek hem-de olary gurmak barada degişli ýerli kärhanalar bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
21.05 2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Esen Öwezmämmedowiç Ýanikow “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
20.05 2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif 2015-nji ýylyň 20—21-nji maýynda Türkmenistana resmi sapary amala aşyrdy. Pakistanyň Premýer-ministriniň ýanynda ýokary derejedäki wekiliýet boldy.
15.05 2015
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik baradaky ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekip, günäsi geçilenleri mundan beýläk esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşatdy.
12.05 2015
Onuň Alyhezreti Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti doktor Haýns Fişeriň çagyrmagy boýunça Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 12-nji maýynda Awstriýa Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanynda ýokary derejeli wekiliýet we beýleki wezipeli adamlar boldy.
08.05 2015
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Medeniýet ministri Garajaýew Annageldä berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.
07.05 2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmuhammedow Rejepmuhammet Omarmuhammedowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
05.05 2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mowlamkul Kadyrowiç Sultanow Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
04.05 2015
Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 3-4-nji maýy aralygyndaky döwürde Italiýa Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy.
03.05 2015
Harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlary üçin we asudalygy goramakda bitiren uly hyzmatlaryny hem-de “Watan gerçegi” atly görkezme söweşjeň atyşykly okuw täliminiň ýokary derejede geçirilmeginde aýratyn tapawutlanandyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynyň 11-nji bendine laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň harby gullukçylaryna harby atlary dakmak hakynda Permana gol çekdi.
149 sahypa
Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi