Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 16-njy Noýabr
Resmi
Resmi habarlar 16-njy Noýabr
Çap edildi 16.11.2016
2615

“Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. Resminama bilen, Içeri işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. *** “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky”, “Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda we “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmk hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 13180-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýangyn howpsuzlygy babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama bilen wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzümiň arasynda düzgün-nyzamy gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri Baýramow Döwrangeldi Garýagdyýewiçe käýinç yglan edildi.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
top-arrow